La Liga. "Barselona" Robert Lewandowski bilen hoşlaşýar

Polşaly tejribeli hüjümçi Robert Lewandowski möwsümiň ahyrynda «Barselona» toparyndan gitjekdigini resmi taýdan mälim etdi. 37 ýaşly futbolçy özüniň sosial torlardaky sahypalarynda katalon topary we janköýerler bilen hoşlaşyk hatyny paýlaşdy.

Lewandowski hatynda «Barselonadaky» döwrüni karýerasynyň iň owadan tapgyrlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi.

"Öňe gitmegiň wagty geldi, wezipe ýerine ýetirildi. Dört möwsüm, üç çempionlyk. Janköýerleriň ilkinji günden bäri beren söýgüsini hiç wagt unutmaryn. Kataloniýa meniň ýüregimde hemişelik ýer alar. Bu ýerde geçiren ajaýyp ýyllarym üçin hemmä minnetdar" – diýip, polşaly hüjümçi ýazdy.

Şeýle-de ol toparyň prezidenti Žoan Laporta aýratyn minnetdarlyk bildirip, hut onuň özüne «Barselonada» çykyş etmek mümkinçiligini döredendigini aýtdy.
Robert Lewandowski 2022-nji ýylda «Barselona» goşuldy. Şondan bäri ol katalon toparynyň düzüminde 191 duşuşyk geçirip, 119 gol geçirdi we 24 asist berdi.

Polşaly futbolçy «Barselonadaky» ýyllarynda birnäçe toparlaýyn we şahsy baýraklary gazandy. Ol topar bilen üç gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, üç gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy we bir gezek Kubok ýaryşynda ýeňiji boldy.

Mundan başga-da, Lewandowski bir gezek La Liganyň iň köp gol geçiren futbolçysy hökmünde "Piçiçi" baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de ol üç gezek möwsümiň iň gowy futbolçylarynyň düzümine girizildi.
2025/26 möwsüminde tejribeli hüjümçi «Barselonanyň» düzüminde 44 duşuşyk geçirip, 18 gol we 2 asist bilen tapawutlandy.

Katalon topary hem öz gezeginde futbolçy bilen hoşlaşyk ýüzlenmesini çap etdi. Toparyň beýanatynda Lewandowskiniň toparyň üstünliklerine goşan uly goşandy aýratyn bellenildi.

"Ýyldyz hökmünde geldiň — rowaýata öwrülip gidýärsiň" – diýip, «Barselona» öz ýüzlenmesinde ýazdy.

Robert Lewandowski «Barselonadaky» döwründe toparyň ýene-de Ispan futbolynyň iň güýçli toparlarynyň birine öwrülmeginde esasy futbolçylaryň biri boldy. Katalon topary häzirki möwsümde La Liganyň çempionlygyny möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda resmi taýdan üpjün etdi.