"Red Bull" ulgamynda Ýurgen Kloppa nägilelik artýar
Nemes hünärmeni Ýurgen Klopp "Red Bull" futbol ulgamyndaky wezipesini ýakyn wagtda terk edip biler. Ol bu wezipä belleneli bäri bir ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, ulgama degişli toparlaryň netijeleri ýolbaşçylary doly kanagatlandyrmaýar.
Häzirki wagtda «Leýpsig» Bundesligada üçünji orunda barýar. Şeýle-de bolsa, topar lider «Bawariýadan» 21 utuk yza galýar. «Zalsburg» Ýewropa ligasyndaky çykyşyny ir tamamlady. Fransiýadaky «Pariž» topary bolsa Liga 1-iň ýaryş tertibiniň ortaky orunlarynda ýerleşýär.
Maglumatlara görä, "Red Bull" ulgamynyň içinde Kloppyň dolandyryjy wezipesine doly öwrenişip bilmändigi barada pikirler bar. Käbir ýolbaşçylar onuň tälimçi hökmünde işlemegi has küýseýändigini hasaplaýarlar. Şeýle-de ulgamyň sport strategiýasyna täsiriniň garaşylanyndan pes bolandygy aýdylýar.
Şeýle ýagdaýda Ýurgen Kloppyň geljegi baradaky gürrüňler güýçlenýär. Häzirki wagtda onuň ornuna esasy dalaşgärleriň biri hökmünde öň hem "RB" ulgamynda işlän Oliwer Glasner görkezilýär.
Ýurgen Klopp tälimçi hökmünde dünýä futbolynda uly üstünlikler gazandy. Ol «Borussiýa Dortmund» bilen Germaniýanyň çempiony boldy, soňra bolsa «Liwerpuly» Ýewropanyň iň güýçli toparlarynyň birine öwürdi. Nemes hünärmeni "mersisaýdlylar" bilen Angliýanyň Premýer-ligasyny, Çempionlar ligasyny hem-de birnäçe beýleki baýraklary gazandy.
Soňky maglumatlar Kloppyň täzeden tälimçilik işine dolanyp biljekdigi baradaky çaklamalary güýçlendirdi. Futbol jemgyýetçiliginde onuň ýene-de uly toparyň baş tälimçisi hökmünde işlemegine garaşýanlaryň sany köpelýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


