Bundesliga. "Bawariýa" Manuel Noýer bilen şertnamany uzaltdy
Mýunheniň «Bawariýa» topary tejribeli derwezeçi Manuel Noýer bilen täze şertnama baglaşandygyny resmi taýdan yglan etdi. Täze şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. Şeýlelikde, toparyň kapitany ýene bir möwsüm «Bawariýanyň» derwezesini goramagyny dowam etdirer.
40 ýaşly derwezeçi ýaşyna garamazdan, henizem toparyň esasy derwezeçisi bolmagynda galýar. Manuel Noýer diňe bir meýdançada däl, eýsem geýim çalşyrylýan otagda hem toparyň esasy liderleriniň biri hökmünde görülýär.
Manuel Noýer «Bawariýa» toparyna 2011-nji ýylyň tomsunda «Şalke» toparyndan geçipdi. Şondan bäri ol mýunhenlileriň düzüminde 597 resmi duşuşyk geçirip, 498 gol geçirtdi. Noýer topar bilen köp sanly baýrak gazanyp, dünýä futbolynyň iň güýçli derwezeçileriniň biri hökmünde tanaldy.
Şeýle-de «Bawariýa» ikinji derwezeçi Swen Ulraýh bilen hem täze şertnama baglaşdy. Ol hem topar bilen şertnamasyny 2027-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Swen Ulraýh soňky ýyllarda birnäçe gezek topar üçin möhüm pursatlarda meýdança çykyp, ynamly oýun görkezmegi başardy.

2025/26 möwsüminde Swen Ulraýh «Bawariýanyň» düzüminde diňe bir duşuşykda meýdança çykdy. Muňa garamazdan, toparyň ýolbaşçylary onuň tejribesine we topara bolan wepalylygyna ýokary baha berdiler.
«Bawariýa» häzirki möwsümde Germaniýanyň çempiony bolmagy öňünden üpjün etdi. Mýunhen topary möwsümdäki soňky Bundesliganyň duşuşygyny «Köln» toparyna garşy geçirer. Şeýle-de 23-nji maýda Wensan Kompaniniň şägirtleri Germaniýanyň Kubogynyň finalynda «Ştutgart» topary bilen duşuşar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


