APL. "Mançester Ýunaýted" Maýkl Karrik bilen täze şertnama baglaşar
«Mançester Ýunaýted» toparynyň ýolbaşçylary baş tälimçi Maýkl Karrigiň topar bilen işini dowam etdirmegine karar berdi. Şeýlelikde, iňlis hünärmeni 2026/27 möwsüminde hem "gyzyl şeýtanlara" ýolbaşçylyk eder.
Žurnalist Fabrizio Romanonyň habar bermegine görä, taraplar täze şertnama boýunça ylalaşyga gelipdirler. Täze şertnamanyň azyndan iki ýyllyk bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de şertnamada ýene bir ýyllyk möhleti uzaltmak mümkinçiliginiň hem boljakdygy aýdylýar.
Habarda bellenilişine görä, Maýkl Karrigi toparyň başynda galdyrmak baradaky karar birnäçe hepde öň kabul edilipdir. Bu karary toparyň şärik eýeleriniň biri bolan Ser Jim Retkliff soňky gezek tassyklapdyr.
Maýkl Karrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda bellenipdi. Şondan bäri topar üstünlikli çykyş edip, Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Häzirki wagtda «Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Premýer-ligasynyň ýaryş tertibinde üçünji orunda ýerleşýär.
Möwsümiň ahyryna çenli «Mançester Ýunaýted» ýene iki duşuşyk geçirer. Mançester topary galan tapgyrlarda «Nottingem Forest» hem-de «Braýton» toparlaryna garşy meýdana çykar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


