WC-2026. Kot-d’Iwuar düzümüni mälim etdi
Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşjak 26 oýunçydan ybarat düzümni resmi taýdan mälim etdi. Emerse Faeniň ýolbaşçylygyndaky afrikaly ýygyndy 12 ýyldan soň dünýä birinjiligine gaýdyp gelýär.
Tälimçi Emerse Fae ýaryşyň öňüsyrasynda ýygyndynyň uly maksat bilen ABŞ-a barýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, topar diňe gatnaşmak üçin däl-de, eýsem Kot-d’Iwuaryň futbol abraýyny dünýä sahnasynda görkezmek üçin göreşer.
Kot-d’Iwuaryň düzüminde tejribeli futbolçylar bilen birlikde ýaş zehinler hem orun aldy. Goranşykda Ewan Ndikka, Wilfrid Singo, Gislain Konan hem-de Guela Due ýaly oýunçylar toparyň esasy güýçleriniň biri hökmünde görkezilýär. Ýarymgoragda bolsa toparyň kapitany Frank Kessiýe, Ibrahima Sangare hem-de Seko Fofana möhüm orun eýeleýär.
Hüjüm çyzygynda Amad Diallo ýygyndynyň esasy umytlarynyň biri hökmünde görkezilýär. Şeýle-de Bundesligada üstünlikli çykyş eden Ýan Diomande hem düzümde ýer aldy. «Interiň» hüjümçisi Anž-Ýoan Bonni bolsa ilkinji gezek milli ýygyndy bilen uly halkara ýaryşyna gatnaşar. Eli Wahi hem ilkinji gezek dünýä çempionatynyň düzümine goşuldy.
Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysynyň düzümine aşakdaky futbolçylar girizildi:
Derwezeçiler: Ýahia Fofana, Mohamed Kone, Alban Lafon.
Goragçylar: Emmanuel Agbadou, Kleman Akpa, Usman Diomande, Guela Due, Gislain Konan, Odilon Kossounou, Wilfrid Singo, Ewan Ndikka.
Ýarymgoragçylar: Seko Fofana, Parfe Guiagon, Krist Ina Oulai, Frank Kessiýe, Ibrahima Sangare, Žan Mişel Seri.
Hüjümçiler: Simon Adingra, Anž-Ýoan Bonni, Amad Diallo, Omar Diakite, Ýan Diomande, Ewan Guessand, Nikolas Pepe, Bazumana Ture, Eli Wahi.
Şeýle-de ätiýaçlyk sanawyna Kristofer Operi, Malik Ýalkuýe, Martial Godo hem-de Sebastian Aller goşuldy.

Emerse Faeniň ýolbaşçylygyndaky ýygyndy toparçada Ekwador, Germaniýa hem-de Kýurasao bilen duşuşar. Kot-d’Iwuar ilkinji duşuşygyny 15-nji iýunda Filadelfiýadaky stadionda Ekwadora garşy geçirer. 21-nji iýunda topar Germaniýa bilen Torontoda duşuşar. Toparçadaky soňky oýun bolsa 26-njy iýunda Kýurasao garşy geçiriler.
Dünýä çempionaty 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada hem-de Meksikada geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


