WC-2026. Ýaponiýanyň milli ýygyndysy düzümini yglan etdi
Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Hajime Moriýasу 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin toparyň 26 oýunçydan ybarat düzümini mälim etdi. Tejribeli hünärmen birnäçe şikesli ýa-da şikesden täze dikelýän futbolçylary düzümde saklasa-da, toparyň esasy ýyldyzlarynyň biri Kaoru Mitoma dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmez.
«Braýtonyň» hüjümçisi Mitoma şikesi sebäpli düzümden çykaryldy. Şeýle-de tejribeli hüjümçi Takumi Minamino hem sanawa goşulmady. Muňa garamazdan, Moriýasy şikesden gutulyp gelýän birnäçe möhüm oýunçyny dünýä çempionatyna alyp gitmek kararyna geldi. Olaryň arasynda Wataru Endo, Ko Itakura hem-de Takehiro Tomiýasu bar.
Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde tejribeli futbolçylar hem az däl. Goragçy Ýuto Nagatomo öz karýerasynda bäşinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder.
Hajime Moriýasy düzümi yglan eden wagtynda çykyş edip, toparyň häzirki ýagdaýyna ynanýandygyny aýtdy.
– Men diňe 26 oýunçyny saýlap alyp bildim. Düzüme goşulmadyk köp futbolçy üçin gynanýaryn. Emma tälimçiler topary bilen geçiren maslahatlarymyzdan soň häzirki wagtda Ýaponiýa üçin iň gowy düzüm şu diýip hasaplaýaryn. Dünýä derejesinde ýeňiş gazanmak üçin iň laýyk 26 oýunçyny saýladym – diýip, Moriýasy belledi.
Ýaponiýanyň milli ýygyndysy soňky ýyllarda örän ynamly çykyş edýär. Olar 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda Germaniýanyň hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndylaryny ýeňmegi başarypdy. Şeýle-de soňky 12 aýyň dowamynda Meksika bilen deňme-deň oýnadylar, Braziliýany ýeňdiler we Angliýanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdylar.
Ýaponiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda "F" toparçada çykyş eder. Olar toparçadaky ilkinji duşuşygyny 15-nji iýunda Dallas şäherinde Gollandiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirer. 21-nji iýunda Tunis bilen Monterreýde duşuşar. Toparçadaky soňky oýun bolsa 26-njy iýunda Şwesiýanyň milli ýygyndysyna garşy Dallasda geçiriler.
Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň düzümi:
Derwezeçiler: Tomoki Haýakawa, Keýsuke Osako, Zion Suzuki.
Goragçylar: Ko Itakura, Hiroki Ito, Ýuto Nagatomo, Aýumu Seko, Ýukinari Sugawara, Junnosuke Suzuki, Şogo Taniguçi, Takehiro Tomiýasu, Suýoşi Watanabe.
Ýarymgoragçylar: Ritsu Doan, Wataru Endo, Junýa Ito, Daiçi Kamada, Takefusa Kubo, Keýto Nakamura, Kaişu Sano, Ao Tanaka.
Hüjümçiler: Keýsuke Goto, Daizen Maeda, Koki Ogawa, Kento Şiogai, Ýuito Suzuki, Aýase Ueda.

FIFA-nyň düzgünine laýyklykda, ähli ýygyndylaryň gutarnykly 26 oýunçydan ybarat sanawy 2-nji iýunda resmi taýdan tassyklanar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


