Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ýene-de soňky minutlarda ýeňildi

Täjigistanda geçirilýän "CAFA U20" çempionatynda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar milli ýygyndysy üçünji tapgyrda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:2 hasabynda ýeňildi.

Duşuşykda iki ýygyndy hem oýna seresap başlady we ilkinji ýarymda hasap açylmady. Garşylaşygyň dowamynda toparlar birnäçe howply pursat döretseler-de, derwezelere gol geçirilmedi.

Duşuşygyň 66-njy minutynda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy hasaby açmagy başardy we öňe saýlandy. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy soňky minutlara çenli hasaby deňlemek ugrunda göreşdi.

Türkmen futbolçylary 90-njy minutda maksadyna ýetdi. Weýisgeldi Orazdurdyýew tapawutlanyp, hasaby 1:1-e getirdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy duşuşykdan möhüm utuk gazanara golaýdy.

Emma duşuşygyň goşulan wagtynda, 90+5-nji minutda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy ýeňiş goluny geçirip, oýunda 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy üç tapgyrdan soň 3 utuk bilen ýaryş tertibiniň üçünji ornunda ýerleşýär.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ilkinji tapgyrda Owganystanyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykypdy. Ikinji tapgyrda bolsa ýer eýesi Täjigistanyň milli ýygyndysyndan 1:2 hasabynda ýeňlipdi.

Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy "CAFA U20" çempionatyndaky soňky duşuşygyny 19-njy maýda Özbegistanyň milli ýygyndysyna garşy geçirer.

"CAFA U20" çempionaty 10–20-nji maý aralygynda Täjigistanda geçirilýär. Ýaryşa Türkmenistan, Täjigistan, Owganystan, Gyrgyzystan we Özbegistan ýaly bäş ýygyndy gatnaşýar. Toparlar bir aýlaw ulgamy boýunça özara duşuşýarlar. Iň köp utuk toplan topar ýaryşda ýeňiji bolýar.