Fransiýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty üçin düzümini yglan etdi

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Didýe Deşam 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin toparyň gutarnykly düzümini mälim etdi. ABŞ-da, Kanadada hem-de Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna fransuzlar 26 oýunçy bilen gatnaşarlar.

Milli ýygyndynyň düzümine toparyň esasy ýyldyzlarynyň aglabasy girizildi. Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe, onuň topardaşy Orelýen Çuameni hem-de "Altyn topuň" eýesi Usman Dembele dünýä çempionatyna gatnaşar.

Şeýle-de bolsa, «Realyň» ýarymgoragçysy Eduardo Kamawinga düzümden ýer alyp bilmedi. Mundan başga-da, «PSŽ-niň» derwezeçisi Luka Şewalýe hem ýygynda çagyrylmady. Ol soňky döwürde toparyndaky esasy orun üçin Matweý Safonow bilen bäsdeşlikde köplenç yza galýardy.

Derwezeçiler: Maýk Menýan («Milan»), Roben Risser («Lans»), Bris Samba («Renn»).

Goragçylar: Lýuka Din («Ewerton»), Malo Gýusto («Çelsi»), Lýuka Ernandes («PSŽ»), Teo Ernandes («Al-Hilýal»), Ibraima Konate («Liwerpul»), Žýul Kunde («Barselona»), Maksans Lakrua («Kristal Pelas»), Wilýam Saliba («Arsenal»), Daýo Upamekano («Bawariýa»).

Ýarymgoragçylar: N'Golo Kante («Fenerbahçe»), Manu Kone («Roma»), Adrien Rabýo («Milan»), Orelýen Çuameni («Real»), Worren Zair-Emeri («PSŽ»).

Hüjümçiler: Magnes Akliuş («Monako»), Bredli Barkola («PSŽ»), Raýan Şerki («Mançester Siti»), Usman Dembele («PSŽ»), Dezire Due («PSŽ»), Žan-Filip Mateta («Kristal Pelas»), Kilian Mbappe («Real»), Maýkl Olise («Bawariýa»), Markus Týuram («Inter»).

Fransiýanyň milli ýygyndysy toparçalaýyn tapgyrda Senegalyň, Yragyň hem-de Norwegiýanyň milli ýygyndylaryna garşy oýnar.

Bu dünýä çempionaty Didýe Deşam üçin Fransiýanyň milli ýygyndysyndaky soňky uly ýaryş bolar. Soňky maglumatlara görä, dünýä çempionatyndan soň onuň ornuna Zinedin Zidan bellenip bilner.