TÝB - 2026. 8-nji tapgyryň bir duşuşygy geçiriler
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginde 8-nji tapgyryň bir duşuşygy 15-nji maýda geçiriler.
Tapgyryň çäginde «Nebitçi II» topary öz meýdançasynda «Şagadam II» toparyny kabul eder. Duşuşyk Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda geçiriler we oýun sagat 18:00-da başlanar.
«Şagadam II» topary geçen tapgyrda öz meýdançasynda «Merw II» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. «Nebitçi II» toparynyň soňky duşuşygy bolsa başga senä geçirilipdi.
8-nji tapgyryň beýleki üç duşuşygynyň hem senesiniň üýtgedilendigi habar berildi. Şeýlelikde, tapgyryň galan oýunlary başga günlerde geçiriler.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


