Karlo Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysyndaky şertnamasyny uzaltdy
Italiýaly hünärmen Karlo Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinde işini dowam etdirer. Braziliýanyň Futbol konfederasiýasy 66 ýaşly tälimçi bilen täze şertnamanyň baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi.
Täze ylalaşyga laýyklykda, Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysyna 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ahyryna çenli ýolbaşçylyk eder. Şeýle-de italýan hünärmeniniň maliýe şertleriniň hem gowulandyrylandygy habar berildi. Karlo Ançelotti toparyň dünýä çempionatyndaky netijesine garamazdan, mundan soň hem wezipesinde galar.
Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysyna geçen ýylyň maý aýynda, Madridiň «Real» toparyndan gidensoň ýolbaşçy boldy. Şondan bäri ol "seleсаonyň" başynda 10 duşuşyk geçirdi. Şol oýunlarda Braziliýa 5 ýeňiş gazandy, 2 gezek deňme-deň oýnady we 3 duşuşykda ýeňildi.
Braziliýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda "C" toparçada çykyş eder. Toparçada olaryň garşydaşlary Marokkanyň, Gaitiniň hem-de Şotlandiýanyň milli ýygyndylary bolar.
Braziliýanyň milli ýygyndysy soňky gezek dünýä çempionlygyny 2002-nji ýylda gazanypdy. Umuman alanyňda bolsa, braziliýalylar dünýä çempionatynyň kubogyny bäş gezek eýelemegi başardylar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


