Futbol toparlarynyň reňkleriniň gyzykly taryhy

Futbolda toparlaryň özboluşly reňkleri diňe bir dizaýn üçin däl, eýsem olaryň taryhy bilen hem berk baglanyşykly. Käbir toparlaryň reňkleri tötänden ýüze çykan bolsa, käbirleri şäheriň ýa-da belli bir wakanyň nyşany hökmünde saýlanypdyr.

Italiýanyň «Fiorentina» toparynyň meşhur melewşe reňki hem tötänleýin ýagdaýda peýda boldy. Topar ilkinji ýyllarynda gyzyl-ak futbolkalarda çykyş edýärdi. Emma bir gezek egin-eşikler ýuwlanda reňkler garylyp, melewşe öwüşgin emele geldi. Täze egin-eşikleri satyn almak gymmat bolansoň, topar şol görnüşde meýdança çykdy. Janköýerler täze reňki halandan soň, ýolbaşçylar ony resmi reňk hökmünde galdyrdylar.

Milanyň «Inter» toparynyň gara-gök reňkleri bolsa asman bilen gijäni aňladýar. Klub bu reňkleri döredilende özboluşlylygyň nyşany hökmünde saýlapdyr. «Napoli» toparynyň açyk gök reňki bolsa şäheriň meşhur Neapol aýlagynyň reňki bilen baglanyşdyrylýar.

«Palermo» toparynyň gülgüne-gara reňkleriniň hem aýratyn manysy bar. Klub bu reňkleri "süýji ýeňişleriň" hem-de "gara günleriň" utgaşmasy hökmünde düşündirýär.

Ispaniýanyň «Atletiko» hem-de Bilbaonyň «Atletik» toparlarynyň gyzyl-ak reňkleriniň taryhy hem biri-birine bagly. Bir asyrdan gowrak wagt öň Huan Elordui atly talyp Angliýadan «Sautgempton» toparynyň 50 sany gyzyl-ak futbolkasyny getirýär. Şol egin-eşikleriň bir bölegi Bilbaodaky topara berilýär, galanlary bolsa Madriddäki bask şahamçasyna ugradylypdy. Soňlugy bilen şol topar häzirki «Atletiko» hökmünde tanaldy.

Gollandiýanyň «Aýaks» topary ilkinji ýyllarynda gyzyl-ak zolakly egin-eşiklerde çykyş edipdi. Emma Rotterdamyň «Sparta» topary bilen meňzeşlik döremezligi üçin klub dizaýny üýtgedip, ortasynda bir giň gyzyl zolagy bolan häzirki görnüşini saýlapdyr.

«PSW» toparynyň gyzyl-ak reňkleriniň döreýşi hem gyzykly wakalaryň biri boldy. Rowaýata görä, toparyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda başlygyň öňünde goýlan malina likýory bilen ak depderiň utgaşygy oňa ýarapdyr. Şondan soň şol reňkler toparyň esasy nyşanyna öwrülipdir.