Coppa Italia. "Inter" altyn dubl etdi
Milanyň «Inter» topary Italiýanyň Kubogynyň finalynda Rim şäheriniň «Lazio» toparyndan üstün çykyp, ýaryşyň ýeňijisi boldy. "Stadio Olimpiko" stadionynda geçirilen final duşuşygynda Kristian Kiwunyň şägirtleri garşydaş derwezesinden iki gol geçirip, ynamly ýeňiş gazandy.

Duşuşykda «Lazionyň» baş tälimçisi Maurisio Sarri çetleşdirme sebäpli toparyna kömek edip bilmedi. Rim toparyna bu oýunda Marko Ianni ýolbaşçylyk etdi.
«Inter» şeýlelikde bir hepdäniň dowamynda «Lazio» toparyny ikinji gezek ýeňmegi başardy. Neradzurriler üçin bu Italiýanyň Kubogyndaky taryhy 10-njy çempionlyk boldy. Şeýlelikde, milan topary Italiýanyň Kubogyny 10 gezek ýa-da ondan köp gazanan taryhyndaky ikinji topar hökmünde hasaba alyndy. Bu görkeziji boýunça birinji orunda 15 gezek kubogy gazanan Turiniň «Ýuwentusy» ýerleşýär.
Bu ýeňiş Kristian Kiwu üçin hem aýratyn ähmiýetli boldy. Rumyniýaly hünärmen «Interiň» başynda ikinji baýragyny gazandy. Şeýle hem milanlylar şu möwsümde hem Serie A-nyň, hem-de Italiýanyň Kubogynyň ýeňijisi bolup, altyn dubl etdi.
«Inter» topary öz taryhynda üçünji gezek içerki iki esasy baýragy bir möwsümde gazanmagy başardy. Mundan öň şeýle üstünlik 2005/06 hem-de 2009/10 möwsümlerinde gaýtalanypdy. 2009/10 möwsüminde bolsa topar Çempionlar ligasynyň kubogyny hem gazanypdy.
«Lazio» topary soňky gezek Italiýanyň Kubogyny 2019-njy ýylda gazanypdy. «Inter» bolsa bu baýragy soňky gezek 2023-nji ýylda eýeläpdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


