Ligue 1. "PSŽ" Fransiýanyň çempiony boldy, Safonow duşuşygyň iň gowy oýunçysy saýlandy

Parižiň «PSŽ» topary Fransiýanyň Liga 1 çempionatynda möhletinden öň çempionlygyny resmi taýdan üpjün etdi. Luis Enrikeniň şägirtleri penşenbe güni geçirilen duşuşykda myhmançylykda «Lans» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar.

Bu ýeňişden soň «PSŽ» 76 utuk toplap, möwsümi birinji ýerde tamamlamagy kepillendirdi. Şeýlelikde, paýtagt topary öz taryhyndaky 14-nji çempionlygyny gazandy. Şeýle hem bu «PSŽ» üçin yzly-yzyna bäşinji çempionlyk boldy.
«Lans» topary bolsa 67 utuk bilen ikinji orunda galdy. Möwsümiň tamamlanmagyna toparlaryň hersine ýene bir duşuşyk galdy. Soňky tapgyrda «PSŽ» «Pariž» topary bilen duşuşar.

«Lans» bilen geçirilen duşuşykda derwezeçi Matweý Safonow aýratyn tapawutlandy. Russiýaly futbolçy derwezesine gönükdirilen sekiz urgusynyň ählisini gaýtaryp, duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy.

"Opta"-nyň maglumatyna görä, soňky sekiz ýylyň dowamynda «PSŽ-niň» derwezeçileri sekiz ýa-da ondan köp urgyny geçirtmän saklap galmagy diňe bäş gezek başarypdyr. Safonow bolsa muny bir möwsümde iki gezek amala aşyran ilkinji derwezeçi boldy.

Mundan öň mart aýynda ol Çempionlar ligasynda «Çelsa» garşy geçirilen duşuşykda dokuz sany urgyny saklap, toparynyň 3:0 hasabyndaky ýeňşine uly goşant goşupdy.

Şeýle hem Matweý Safonow «PSŽ-niň» düzüminde eýýäm ýedi kubok gazandy. Ol iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy, Fransiýanyň kubogyny, Fransiýanyň Superkubogyny, Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny hem-de Kontinentara kubogy gazandy.

Möwsüm tamamlanmazdan öň Safonowyň ýene bir kubok gazanmaga mümkinçiligi bar. 30-njy maýda «PSŽ» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Londonyň «Arsenal» topary bilen duşuşar.