Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Täjigistandan soňky minutlarda utuldy

Täjigistanda geçirilýän "CAFA U20" çempionatynda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar milli ýygyndysy ikinji tapgyrda ýer eýesi Täjigistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:2 hasabynda ýeňildi.

Duşuşyk Hisor şäherindäki "Hisor" stadionynda geçirildi. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy oýna ynamly başlap, garşydaşa garşy işjeň futbol görkezdi. Emma duşuşygyň 33-nji minutynda türkmen ýygyndysy azlykda galdy. Orazguly Orazgulyýew ikinji sary kartyny alyp, meýdandan çykaryldy.

Muňa garamazdan, türkmen futbolçylary göreşini dowam etdirdi we 61-nji minutda Diýargylyç Urazowyň geçiren goly bilen hasapda öňe saýlandy. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy duşuşygyň esasy böleginde ýeňşe ýakyn görünse-de, soňky minutlarda ýer eýeleri hasaby üýtgetmegi başardy.

84-nji minutda Täjigistan 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi. Duşuşygyň goşulan wagtynyň 90+7-nji minutynda bolsa ýer eýeleri ýeňiş goluny geçirip, oýunda 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy iki tapgyrdan soň 3 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji ornunda ýerleşýär. Ýöne ikinji tapgyryň beýleki duşuşyklary heniz geçirilmedi.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ilkinji tapgyrda Owganystanyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykypdy. Şol duşuşykda Arslan Wepaýew, Ýakupmuhammet Gowşudow we Weýisgeldi Orazdurdyýew tapawutlanypdy.

Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň indiki duşuşygy 15-nji maýda geçiriler. Türkmen futbolçylary bu gezek Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Ýaryşdaky soňky duşuşyk bolsa 19-njy maýda Özbegistana garşy geçiriler.

"CAFA U20" çempionaty 10–20-nji maý aralygynda Täjigistanda geçirilýär. Ýaryşa Türkmenistan, Täjigistan, Owganystan, Gyrgyzystan we Özbegistan ýaly bäş ýygyndy gatnaşýar. Toparlar bir aýlaw ulgamy boýunça özara duşuşýarlar. Iň köp utuk toplan topar ýaryşda ýeňiji bolýar.