RSL. "Al-Nasr" çempionlyga örän golaýdy, emma ýeňşi soňky sekuntlarda elden giderdi
Saud Arabystanyň Pro ligasynyň merkezi duşuşygynda çempionlyk ugrunda göreşýän «Al-Nasr» bilen «Al-Hilýal» toparlary duşuşdy. Örän dartgynly geçen oýun 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda ýagdaý «Al-Nasr» üçin örän düşnüklidi. Eger Žorže Žezuşyň şägirtleri ýeňiş gazansady, onda topar möhletinden öň çempionlygyny resmi taýdan üpjün ederdi. Sebäbi utuk tapawudy sekize çykyp, galan duşuşyklarda garşydaşynyň olary ýetip bilmegi mümkin bolmazdy.
Oýun meýdan eýeleriniň isleýşi ýaly başlandy. Birinji ýarymda Mohamed Simakan tapawutlanyp, «Al-Nasry» öňe çykardy. Şondan soň öý eýeleri hasaby saklamagy başardy we duşuşygyň esasy wagtynyň soňuna çenli 1:0 hasabynda öňdeligi elden bermedi.
Duşuşyk tamamlanana meňzäp duran pursatda garaşylmadyk ýagdaý boldy. 98-nji minutda «Al-Hilýalyň» dapdaldan girizen topyndan soň «Al-Nasryň» derwezeçisi Bento topy tutup bilmän öz derwezesine girizdi. Şeýlelikde, hasap deňlendi we oýun 1:1 netijesi bilen tamamlandy.

Bu netije «Al-Hilýalyň» çempionlyk umydyny henizem saklap galdy. Häzirki wagtda «Al-Hilýal» liderden bäş utuk yzda barýar we olaryň ätiýaçda ýene bir duşuşygy bar. Möwsümiň tamamlanmagyna bolsa iki tapgyr galdy.
Portugaliýaly ýyldyz Kriştianu Ronaldunyň çempionlyk arzuwy hem häzirlikçe yza süýşdi. «Al-Nasr» ýeňşi bary-ýogy birnäçe sekundyň dowamynda saklap bilmedi. Şeýle-de bolsa, topar soňky tapgyrda ýeňiş gazansa ýa-da «Al-Hilýal» utuk ýitirse, onda «Al-Nasr» soňky ýedi ýyldaky ilkinji çempionlygyny gazanar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


