Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy "CAFA U20" çempionatyna ýeňiş bilen başlady
Täjigistanda geçirilýän "CAFA U20" çempionatynda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar milli ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Owganystanyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşyk 12-nji maýda Tursunzade şäherindäki "Talko Arena" stadionynda geçirildi. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy oýna örän işjeň başlap, eýýäm 1-nji minutda Arslan Wepaýewiň goly bilen öňe saýlandy. 9-njy minutda Ýakupmuhammet Gowşudow hasaby artdyrdy. Birinji ýarymyň dowamynda Weýisgeldi Orazdurdyýew hem tapawutlanyp, 26-njy minutda Türkmenistanyň üçünji goluny geçirdi. Duşuşygyň iň ökde oýunçysy hökmünde Ýakupmuhammet Gowşudow saýlandy.

Şeýlelikde, türkmen ýaşlary ilkinji tapgyrda ynamly ýeňiş gazanyp, ýaryşa üstünlikli giriş etdiler.
"CAFA U20" çempionaty 10–20-nji maý aralygynda Täjigistanda geçirilýär. Ýaryşa "CAFA"-nyň bäş agza ýurdunyň ýaşlar milli ýygyndylary – Türkmenistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan gatnaşýar. Toparlar bir aýlaw ulgamy boýunça özara duşuşarlar. Iň köp utuk toplan ýygyndy ýaryşyň ýeňijisi bolar.

Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy häzirki wagtda 3 utuk bilen ýaryş tertibiniň birinji ornunda ýerleşýär. Emma beýleki ýygyndylaryň ilkinji tapgyr duşuşyklary heniz geçirilmedi.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň öňde boljak duşuşyklary:
13-nji maý
Türkmenistan — Täjigistan
15-nji maý
Gyrgyzystan — Türkmenistan
19-njy maý
Türkmenistan — Özbegistan
Çempionatyň ähli duşuşyklarynyň "CAFA"-nyň resmi "YouTube" sahypasynda göni ýaýlymda görkezilmegine garaşylýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


