APL. "Liwerpul" Diogu Žota bilen dogany Andre Silwanyň hatyrasyna ýadygärlik gurar

Angliýanyň «Liwerpul» topary heläkçilikde aradan çykan portugaliýaly futbolçy Diogu Žotanyň hem-de onuň dogany Andre Silwanyň hormatyna guruljak täze ýadygärligiň ilkinji suratlaryny resmi saýtynda paýlaşdy. Bu ýadygärlik "Enfild" stadionynyň golaýynda ýerleşdiriler we futbolçylaryň hatyrasyna döredilen aýratyn ýadygärlik bolar.

"Forever 20" (20-nji hemişelik) diýlip atlandyrylan bu ýadygärlik dürli tarapdan seredilende 20 we 30 sanlaryny görkezýär. Bu sanlar Diogu Žotanyň hem-de Andre Silwanyň çykyş eden belgilerini alamatlandyrýar. Ýadygärlik ýürek şekilindäki lenta görnüşinde taýýarlanylyp, onuň daşky keşbinde hem janköýerleriň futbolçylara bolan hormaty öz beýanyny tapýar.

Ýadygärligiň esasy böleginde "20-nji hemişelik" diýen ýazgy ýerleşdiriler. Şeýle-de şol ýazgynyň aşagynda «Liwerpulyň» janköýerleriniň her duşuşygyň 20-nji minutynda ýerine ýetirýän ýörite aýdymynyň sözleri hem ýerleşdiriler. Bu aýdym soňky aýlarda "Enfildde" Žotanyň hatyrasyna ýerine ýetirilýän esasy nyşanlaryň birine öwrüldi.

Toparyň ýolbaşçylary ýadygärligiň diňe futbol bilen baglanyşykly bolmajakdygyny hem bellediler. Diogu Žotanyň futbol daşyndaky durmuşyna degişli birnäçe aýratynlyk hem ýadygärlikde öz ýerini alar. Hususan-da, granit daşynyň üstünde oýun kontrolleriniň şekili ýerleşdiriler. Sebäbi Žota diňe futbolçy däl, eýsem kibersport we FIFA oýunlarynyň hem uly janköýeri bolupdy. Ol bir döwürde FIFA21-niň dünýä reýtinginde birinji orny hem eýeläpdi.

Ýadygärligiň daşynyň içinde bolsa janköýerleriň soňky aýlarda "Enfildiň" daşynda galdyran dürli ýadygärlik sowgatlary ýerleşdiriler. Güller, ýazgylar we beýleki zatlar ýygnalyp, ýadygärligiň bir bölegine öwrüler. Şeýlelikde, janköýerleriň duýgusy hem bu ýadygärlikde hemişelik ýaşar.

Toparyň maglumatyna görä, ýadygärlik Liwerpul şäherindäki 97-nji awenýuda ýerleşdiriler. Hut şol ýerde Diogu Žota bilen Andre Silwanyň heläk bolan habaryndan soň müňlerçe janköýer ýygnanyp, güller hem-de dürli hatyralama serişdelerini goýupdy.

Ýatlap geçsek, Diogu Žota 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Ispaniýada bolan ýol-ulag heläkçiliginde aradan çykdy. 28 ýaşly futbolçy dogany Andre Silwa bilen bilelikde Lamborjini ulagynda barýarka, ulagyň tekeri ýarylyp, maşyn ýoldan çykyp agdarylypdyr we soňra ýanyp başlapdyr. Heläkçiligiň netijesinde iki dogan hem dünýeden ötdi.

Diogu Žota soňky ýyllarda «Liwerpulyň» esasy futbolçylarynyň biri bolupdy. Portugaliýaly hüjümçi topar bilen birnäçe kuboklary gazanyp, janköýerleriň söýgüsini gazanypdy. Indi bolsa onuň ady "Enfildiň" golaýynda dörediljek bu ýadygärlik arkaly hemişelik ýaşadyljakdygy mälim boldy.