La Liga. "Barselona" El-Klasikoda çempion boldy
Kataloniýanyň «Barselona» topary 2025/26 möwsüminde Ispaniýanyň La Ligasynda çempionlygyny möhletinden öň üpjün etdi. Hans-Diter Fligiň şägirtleri 35-nji tapgyrdaky esasy garşydaşy «Realy» ýeňip, möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempionlygyny resmi taýdan yglan etdirdi.
El-Klasikoda «Barselona» öz meýdançasynda madridlileri 2:0 hasabynda ýeňdi. Katalon topary duşuşygy örän işjeň başlady we eýýäm 9-njy minutda hasaby açmagy başardy. Markus Reşford garşydaş derwezä ýol tapyp, meýdan eýelerini öňe çykardy. Aradan köp wagt geçmänkä, 18-nji minutda Ferran Torres tapawutlanyp, «Barselonanyň» artykmaçlygyny iki gola çykardy.
Duşuşygyň galan böleginde «Real» hasaby azaltmaga synanyşsa-da, «Barselonanyň» goragy ynamly hereket etdi. Şeýlelikde, Hans-Diter Fligiň topary möhüm ýeňşi gazanyp, çempionlyk meselesini resmi taýdan çözdi.

Bu ýeňişden soň «Barselona» utuk sanyny 91-e çykardy. Ikinji orundaky «Realyň» bolsa 77 utugy galdy. Üç tapgyr galandygyna garamazdan, madridliler indi katalon toparyna ýetip bilmez.
Şeýlelikde, «Barselona» öz taryhynda 29-njy gezek La Liganyň çempiony boldy. Şeýle hem bu Fligiň ýolbaşçylygyndaky topar üçin yzly-yzyna ikinji çempionlyk hökmünde taryha girdi.
El-Klasiko Ispan futbolynyň taryhyndaky iň möhüm duşuşyklaryň biri hökmünde ýatda galar. Sebäbi ilkinji gezek La Ligadaky çempionyň ykbaly hut El-Klasikoda çözüldi. Kataloniýaly janköýerler üçin bu diňe bir ýeňiş däl, eýsem esasy garşydaşynyň garşysynda gazanylan aýratyn çempionlyk boldy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


