TÝL - 2026. 7-nji tapgyryň netijeleri
Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda 7-nji tapgyryň ähli duşuşyklary 10-njy maýda geçirildi. Tapgyr janköýerlere köp sanly golly we gyzykly garşylaşyklary sowgat etdi. Dört duşuşykda jemi 15 gol geçirilip, iň uly hasaply ýeňiş «Arkadag» toparynyň adyna ýazyldy.
Tapgyryň ilkinji duşuşygy Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda geçirildi. Bu ýerde «Şagadam» topary «Merw» toparyny kabul etdi. Duşuşyk myhman toparyň işjeňligi bilen başlandy we 8-nji minutda Kemal Annamuhammedow «Merwi» öňe çykardy. Meýdan eýeleri uzak wagtlap hasaby deňläp bilmedi. Şeýle-de bolsa, 76-njy minutda Ýagşysähet Döwletgeldiýew tapawutlanyp, «Şagadamy» ýeňlişden halas etdi. Şeýlelikde, duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda geçirilen duşuşykda «Altyn Asyr» topary «Nebitçiden» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Myhman toparyň ilkinji goluny 28-nji minutda Röwşengeldi Halmämmedow geçirdi. Duşuşygyň soňky pursatlarynda, 90+4-nji minutda Abdyrahman Annamyradow tapawutlanyp, toparynyň ýeňşini berkitdi.
Aşgabat şäherindäki "Nusaý" stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» topary «Aşgabatdan» ynamly üstün çykdy. Duşuşykdaky ilkinji gol birinji ýarymyň goşulan wagtynda 45+4-nji minutda Oraz Orazow tarapyndan geçirildi. Ikinji ýarymda bolsa Süleýman Mirzoýew 50-nji minutda hasaby artdyrdy. Duşuşygyň 81-nji minutynda Enwer Annaýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, «Ahal» 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen nobatdaky üç utugyny gazandy.
Tapgyryň iň uly hasaply duşuşygy Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçirildi. Bu ýerde häzirki lider «Arkadag» topary «Köpetdag» toparyny 7:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda ilkinji gol 18-nji minutda Wahyt Wahydowyň adyna öz derwezesine geçirilen gol hökmünde ýazyldy. Ondan bir minut soň Meýlis Diniýew tapawutlanyp, hasaby artdyrdy. Şeýle-de Yhlas Toýjanow, Begenç Akmämmedow hem-de Mirza Beknazarow gollary bilen tapawutlandy. Mirza Beknazarow bilen Meýlis Diniýew duşuşykda iki gezekden gol geçirdi. «Köpetdagyň» ýeke-täk goluny bolsa 80-nji minutda Mekan Amannyýazow geçirdi. Şeýlelikde, «Arkadag» möwsümdäki ýeňişli ýörişini dowam etdirdi.
7-nji tapgyrdan soň «Arkadag» topary 21 utuk bilen ýaryş tertibiniň birinji ornundaky ýagdaýyny saklap galdy. «Altyn Asyr» 16 utuk bilen ikinji, «Ahal» bolsa 14 utuk bilen üçünji ýerde ýerleşdi.
Iň köp gol geçirenleriň sanawynda «Ahalyň» hüjümçisi Süleýman Mirzoýew bilen «Şagadamyň» oýunçysy Serdar Gulyýew 5 goldan geçirip, birinji orny paýlaşýar. «Altyn Asyrdan» Mekan Aşyrow hem-de «Arkadagyň» oýunçysy Didar Durdyýew bolsa 4 gol bilen olaryň yzysüre gelýär.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


