La Liga. "Barselona" bilen "Realyň" arasyndaky El-Klasiko çempionlygy çözüp biler

Ispaniýanyň futbol boýunça La Ligasynyň 35-nji tapgyrynda möwsümiň iň möhüm duşuşyklarynyň biri geçiriler. 10-njy maýdan 11-nji maýa geçilýän gije «Barselona» topary öz meýdançasynda esasy garşydaşy «Realy» kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar.

Bu gezekki El-Klasiko diňe bir adaty garşylaşyk däl, eýsem çempionlygyň ykbalyny çözüp biljek oýun hökmünde hem uly gyzyklanma döredýär. Häzirki wagtda «Barselona» 88 utuk bilen ýaryş tertibiniň başynda ýerleşýär. «Realyň» bolsa 77 utugy bar. Möwsümiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda toparlaryň arasyndaky tapawut 11 utuga deň. Şonuň üçin «Barselona» bu oýunda ýeňilmese, möhletinden öň ýurduň çempiony bolar.

Soňky ýyllarda El-Klasikolarda «Barselona» has üstünlikli çykyş edýär. Kataloniýanyň topary soňky alty özara duşuşygyň bäşisinde ýeňiş gazandy. Şeýle-de şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky finalda «Barselona» 3:2 hasabynda üstün çykypdy. Emma La Liganyň ilkinji aýlawynda Madriddäki "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilen duşuşykda «Real» 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda «Real» topary üçin ýakymsyz habarlar hem geldi. Toparyň esasy ýyldyzlarynyň biri Kilian Mbappe bu oýunda meýdança çykmaz. Fransuz hüjümçisi çep aýagynyň ýarym siňirindäki şikes sebäpli duşuşyk üçin düzülen sanawa goşulmady. Mbappe soňky gezek «Betis» bilen geçirilen duşuşykda şikes alypdy we şondan bäri iki oýny hem sypdyrdy. Şeýle-de bolsa, ol häzirki möwsümde 41 duşuşykda 41 gol geçirip, 6 asist berdi.

Şeýlelikde, «Real» möhüm duşuşyga birnäçe ýitgi bilen taýýarlanýar. Toparyň düzüminde Federiko Walwerde, Rodrigo, Eder Militao, Dani Karwahal ýaly oýunçylaryň ýagdaýy hem alada döredýär. Ýakynda toparyň türgenleşiklerinde birnäçe dawa-jenjeliň ýüze çykandygy baradaky habarlar hem Madriddäki ýagdaýyň ýeňil däldigini görkezýär.

Şeýle-de bolsa, «Real» üçin gowy habar hem bar. Belgiýaly derwezeçi Tibo Kurtua birnäçe aýlyk arakesmeden soň ilkinji gezek toparyň sanawyna dolandy. Ol mart aýyndan bäri şikes sebäpli oýunlara gatnaşyp bilmändi.

«Barselona» bolsa duşuşyga örän ýokary ruhy ýagdaýda taýýarlanýar. Hans-Diter Fligiň şägirtleri La Ligada öz meýdançasynda yzly-yzyna 17 ýeňiş gazandylar. Toparyň oýny hem durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Emma duşuşygyň öňüsyrasynda «Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Fligiň maşgalasynda gynançly waka boldy. Nemes hünärmeniniň kakasy aradan çykdy. Muňa garamazdan, Flik möhüm El-Klasikoda toparyň başynda bolar. Duşuşygyň öňüsyrasynda “Kamp Nou” stadionynda bir minutlyk dymyşlyk yglan ediler, «Barselonanyň» futbolçylary bolsa meýdança gara daňy bilen çykarlar.

Bu gezekki El-Klasiko diňe bir üç utuk üçin däl, eýsem möwsümiň iň möhüm pursatlarynyň biri hökmünde futbol janköýerleriniň üns merkezinde bolar.