SüperLig. "Galatasaraý" çempion boldy we Çempionlar ligasynyň gatnaşyjylary täzelendi
Türkiýäniň futbol boýunça Superligasynda 2025/26 möwsüminiň çempiony möhletinden öň belli boldy. Möwsümiň soňkydan öňki tapgyrynda «Galatasaraý» bilen «Fenerbahçe» öz duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar. Şeýle-de bolsa, toparlaryň arasyndaky 4 utuk tapawudy saklanyp galdy we bu ýagdaý «Galatasaraýa» nobatdaky çempionlygyny üpjün etdi.
Şeýlelikde, Stambul şäheriniň topary yzly-yzyna dördünji gezek Türkiýäniň çempiony boldy. Mundan başga-da, bu üstünlik «Galatasaraý» üçin taryhyndaky 26-njy çempionlyk hökmünde hasaba alyndy. Bu görkeziji Türkiýe futbolynda rekord hasaplanýar.
«Fenerbahçe» bolsa möwsümi ikinji ýerde tamamlar. "Sary-gökler" soňky gezek 2014-nji ýylda ýurduň çempiony bolupdy. Şondan bäri topar çempionlyk ugrundaky göreşde birnäçe gezek şowsuzlyga sezewar boldy.
Möwsümiň öňdebaryjy toparlarynyň hatarynda «Trabzonspor» hem üstünlikli çykyş etdi. Topar üçünji orny möhletinden öň üpjün etdi. «Beşiktaş» bolsa çempionaty dördünji ýerde tamamlar.
Şeýle-de şol gün Ýewropanyň başga bir güýçli çempionatynda hem möhüm waka boldy. Germaniýanyň Bundesligasynda «RB Leýpsig» ilkinji üçlüge girmegi üpjün edip, indiki möwsümdäki UEFA Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Netijede, 2026/27 möwsüminde UEFA Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşjak toparlaryň 16-sy eýýäm belli boldy. Häzirki wagta çenli ýaryşa gatnaşjak toparlaryň sanawynda Angliýadan «Arsenal», «Mançester Siti» we «Mançester Ýunaýted», Italiýadan «Inter», Ispaniýadan «Barselona», «Real», «Wilýarreal» we «Atletiko», Germaniýadan «Bawariýa», «Borussiýa Dortmund» hem-de «RB Leýpsig», Fransiýadan «PSŽ» we «Lans», Gollandiýadan «PSW», Portugaliýadan «Portu» we Türkiýeden «Galatasaraý» hem goşuldy.
Ýeri gelende bellesek, täze görnüşdäki UEFA Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynda jemi 36 topar çykyş eder. Şolaryň ýedisi saýlama tapgyrlarynyň netijesinde paýlanylar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


