Türkmenistanyň Futbol wekiliýeti Wankuwerde: FIFA-nyň 76-njy Kongresi

2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde Kanadanyň Wankuwer şäherinde FIFA-nyň 76-njy kongresi geçirildi. Bu ähmiýetli forumda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) wekilleri hem gatnaşdy. Türkmen wekilleri FIFA-nyň ýolbaşçylary we beýleki milli federasiýalar bilen duşuşup, çagalar futboluny ösdürmek we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. FIFA-nyň täze tälimçilik we seljeriş programmalary öwrenildi. Bu bolsa milli ýygyndylaryň we klublaryň taýýarlyk derejesini halkara standartlara laýyk getirmäge ýardam berer. Komgressde aýallar futboluny goldamak we 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň guramaçylygy baradaky möhüm meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: TFF