RSL. Ronaldunyň goly "Al-Nasry" täze ýeňşe ýetirdi

Saud Arabystanyň Pro ligasynyň 33-nji tapgyrynda «Al-Nasr» topary myhmançylykda «Al-Şabab» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň esasy gahrymanlary portugaliýaly ýyldyz Kristiano Ronaldu bilen onuň watandaşy Žoau Feliş boldy.

Oýunda ilkinji minutlardan bäri «Al-Nasr» hüjüm futbolyny görkezdi. Žoau Feliş duşuşykda het-trik edip, toparynyň ýeňşinde esasy rol oýnady. Portugaliýaly hüjümçi garşydaşyň derwezesine üç gezek ýol tapmagy başardy.

Duşuşykdaky ýene bir goly Kriştianu Ronaldu geçirdi. Bu gol 41 ýaşly futbolçynyň professional karýerasyndaky 971-nji goly boldy. Şeýle-de bu tapawutlanma Ronaldunyň Saud Arabystanyň çempionatyndaky 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Portugaliýaly super ýyldyz bu netijä bary-ýogy 105 duşuşykda ýetdi.

Kriştianu Ronaldu häzirki möwsümde Saud Arabystanyň Pro ligasynda 28 duşuşyk geçirip, 26 gol hem-de iki asist bilen tapawutlandy. Ol 2023-nji ýylyň ýanwarynda «Al-Nasra» goşulypdy. Futbolçynyň topar bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli dowam edýär.

Žorže Žezuşyň tälim berýän «Al-Nasr» topary bu ýeňişden soň utuk sanyny 82-ä ýetirdi we ýaryş tertibindäki öňdeligini dowam etdirdi. Ikinji orundaky «Al-Hilýalyň» 77 utugy bar we olar bir duşuşygy az geçirdi.