UEL, UECL. Finala çykan toparlar belli boldy
UEFA Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda ýarym finalyň jogap duşuşyklary tamamlandy. Şeýlelikde, iki ýaryşyň hem finalynda duşuşjak toparlar belli boldy.
UEFA Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda Angliýanyň «Aston Willa» topary bilen Germaniýanyň «Fraýburg» topary üstünlik gazandy.
«Aston Willa» ýarym finalda Angliýanyň «Nottingem Forest» topary bilen duşuşdy. Birinji duşuşykda birmingemliler myhmançylykda 0:1 hasabynda ýeňlipdi. Jogap oýnunda bolsa «Aston Willa» öz meýdançasynda örän güýçli çykyş edip, garşydaşyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, iki duşuşygyň jemi boýunça 4:1 hasabynda üstün çykan birmingemliler final ýollanmasyny gazandy.

Beýleki ýarym finalda Portugaliýanyň «Braga» topary Germaniýanyň «Fraýburg» topary bilen güýç synanyşdy. Birinji duşuşykda «Braga» öz meýdançasynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Jogap duşuşygynda bolsa «Fraýburg» öz meýdançasynda 3:1 hasabynda üstün çykyp, iki duşuşygyň jemi boýunça 4:3 hasabynda finala çykdy.

Şeýlelikde, UEFA Ýewropa ligasynyň finalynda «Aston Willa» bilen «Fraýburg» duşuşar. Final oýny 20-nji maýda Türkiýäniň Stambul şäherindäki "Wodafon Park" stadionynda geçiriler.

UEFA Konferensiýalar ligasynda hem finalçy toparlar belli boldy. Angliýanyň «Kristal Pelas» topary bilen Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» topary finala çykdy.
«Kristal Pelas» ýarym finalda Donetskiň «Şahtýor» topary bilen duşuşdy. Iňlis topary ilkinji oýunda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Jogap duşuşygynda bolsa öz meýdançasynda 2:1 hasabynda üstün çykyp, finala çykmagy başardy.

Beýleki ýarym finalda «Raýo Walýekano» Fransiýanyň «Strasbur» topary bilen güýç synanyşdy. Ispan topary ilkinji duşuşykda öz meýdançasynda 1:0 hasabynda ýeňipdi. Jogap oýnunda hem myhmançylykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu iki topar üçin hem Ýewropa kuboklarynda ilkinji final bolar. Ýatlap geçsek, geçen möwsümde bu kubogy Londonyň «Çelsi» topary gazanypdy. Ýewropa ligasynyň kubogyny bolsa «Tottenhem» gazandy.
UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi indiki möwsüm Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi bolsa UEFA Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynda çykyş eder.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


