La Liga. "Realyň" geýim çalşygynda uly dawa: Walwerde bilen Çuameni çetleşdirildi
Madridiň «Real» toparynda ýagdaý barha dartgynlaşýar. Ispan metbugatynyň maglumatlaryna görä, toparyň türgenleşiginde Federiko Walwerde bilen Orelýen Çuameni arasynda uly dawa bolup geçdi we bu ýagdaý klubyň içinde çynlakaý alada döretdi.

"Marca" neşiriniň ýazmagyna görä, dawa Waldebebasdaky türgenleşik wagtynda başlapdyr. Iki futbolçynyň arasynda ilki gyzgalaňly gepleşik bolup, soň ýagdaý gözegçilikden çykypdyr. Netijede, toparyň beýleki oýunçylary we işgärleri olaryň arasyna girip, ýagdaýy köşeşdirmäge mejbur bolupdyr.
Käbir çeşmeleriň bellemegine görä, bu waka soňky günlerdäki beýleki dawadan hem has çynlakaý bolupdyr.
– Bu düýnki ýagdaýdan has erbetdi – diýip, kluba ýakyn çeşmeler habar berdi.
Ispaniýanyň birnäçe sport sahypalarynyň maglumatlaryna görä, dawa sebäpli Federiko Walwerde hatda hassahana hem äkidilipdir. Käbir habarlarda onuň kellesine tikin düşendigi aýdylýar.
Şeýle-de «Realyň» ýolbaşçylary gyssagly ýygnak geçirip, ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy. Klubyň içinde nähili çäre görülmelidigi barada pikir alyşylýar.
Bu soňky wagtlarda «Realda» bolan ilkinji dawa däl. Ozal Antonio Rýudiger bilen Alwaro Karreras arasynda hem çynlakaý düşünişmezlik bolupdy. Şol ýagdaýy klub gizlemäge synanyşsa-da, maglumatlar metbugata ýaýrady.

6-njy maýda hem Walwerde bilen Çuameniniň arasynda türgenleşik wagtynda gyzgyn jedel bolup geçendigi habar berlipdi. Şonda ýagdaý urşa çenli baryp ýetmänsoň köşeşdirilipdi. Emma soňky waka olaryň arasyndaky dartgynlylygyň dowam edýändigini görkezdi.
Häzirki wagtda «Real» möwsümiň iň kyn döwürleriniň birini başdan geçirýär. Topar La Ligada 77 utuk bilen ikinji ýerde barýar. Birinji orundaky «Barselonadan» tapawut eýýäm 9 utuga ýetdi.
Mundan başga-da, madridliler UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda Mýunheniň «Bawariýasyndan» iki duşuşygyň jemi boýunça 4:6 hasabynda ýeňlip, ýaryş bilen hoşlaşdy.
Soňky maglumatlara görä, «Realyň» ýolbaşçylary Walwerde bilen Çuamenini wagtlaýynça topardan çetleşdirmek kararyna geldi. Şeýlelikde, iki futbolçy hem iň ýakyn El-Klasikony geçirip biler.
"AS" neşiriniň ýazmagyna görä, klub geýim çalşygyndaky ýagdaýy doly gözegçilikden çykarmazlyk üçin şeýle karara gelipdir.
«Barselona» bilen «Realyň» arasyndaky möhüm duşuşyk 12-nji maýa geçilýän gije geçiriler.
Möwsümiň ilkinji El-Klasikosynda «Real» öz meýdançasynda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňmegi başarypdy. Emma häzirki wagtda toparyň içindäki dartgynly ýagdaýlar madridliler üçin uly mesele bolmagynda galýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


