Bundesliga. "Borussiýanyň" goragçysy Niklas Züle futbol karýerasyny tamamlaýar
Dortmundyň «Borussiýa» toparynyň hem-de Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Niklas Züle häzirki möwsümiň ahyrynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

30 ýaşly futbolçy bu kararyny soňky şikeslerinden soň kabul edendigini aýtdy. Züle 18-nji aprelde Bundesliganyň 30-njy tapgyrynda «Hoffenhaým» bilen geçirilen duşuşykda şikes alypdy. Duşuşyk «Borussiýanyň» 1:2 hasabyndaky ýeňlişi bilen tamamlandy.
Nemes goragçysy şol ýagdaýdan soň başyndan geçiren duýgularyny hem paýlaşdy.
– «Hoffenhaým» bilen oýundan soň lukman dyzymdaky şikesi barlap, fizioterapewte seredip başyny ýaýkanda, men göni duşa girdim we on minutlap agladym. Şol pursatda men hakykatdanam haç şekilli baglaryň üzülendigini pikir etdi – diýip, Züle «Borussiýanyň» resmi saýtyna beren beýanatynda aýtdy.
Niklas Züle professional karýerasynyň dowamynda «Hoffenhaým», «Bawariýa» hem-de «Borussiýa» toparlarynda çykyş etdi. Ol aýratyn-da Mýunheniň «Bawariýasyndaky» ýyllarynda uly üstünlikler gazandy.
Goragçy «Bawariýanyň» düzüminde bäş gezek Germaniýanyň çempiony boldy. Şeýle-de UEFA Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. Mundan başga-da, ol iki gezek Germaniýanyň Kubogyny we dört gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy.
Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Züle 49 duşuşykda meýdança çykyp, bir gezek tapawutlandy.
Soňky ýyllarda bolsa onuň karýerasy şikesler sebäpli kynlaşdy. Nemes metbugatynda 2024-nji ýylda «Borussiýanyň» futbolçyny artykmaç agramy sebäpli satmak isleýändigi barada habarlar çykypdy. Klubyň ýolbaşçylary onuň fiziki ýagdaýyndan nägile bolup, futbolçynyň toparda galmagy üçin berk berhiz düzgünlerini berjaý etmelidigini aýdypdy.
Şeýle-de bolsa, dowamly şikesler we fiziki kynçylyklar tejribeli goragçynyň ir karýerasyny tamamlamagyna sebäp boldy. Häzirki möwsümde ol «Borussiýanyň» düzüminde bary-ýogy 12 duşuşykda meýdança çykdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


