La Liga. "Realda" dartgynly ýagdaý: futbolçylaryň arasynda dawa we Mbappe garşy petisiýa

Madridiň «Real» toparynda soňky hepdelerdäki dartgynly ýagdaýlar has-da güýçlenýär. Ispaniýanyň "Marca" neşiriniň maglumatyna görä, 6-njy maýdaky türgenleşikde toparyň iki oýunçysy – Federiko Walwerde bilen Orelýen Çuameniniň arasynda güýçli dawa bolup geçdi.

Habarda bellenmegine görä, iki futbolçynyň arasyndaky jedel adaty gepleşikden başlap, soňra gyzgalaňly ýagdaýlara geçdi we hatda olaryň arasynda uruş çykmagyna az galdy. Topardaky beýleki futbolçylar we tälimçiler ýagdaýy köşeşdirmäge mejbur boldy.

Soňky döwürde «Realda» şeýle ýagdaý ilkinji gezek bolanok. Ozal Antonio Rýudiger bilen ýaş goragçy Alwaro Karrerasyň arasynda hem çynlakaý dawa bolupdy. Käbir maglumatlara görä, türgenleşik wagtynda nemes goragçysy Rýudiger ispaniýaly futbolça şarpyk çalypdyr.

Bu waka «Alawes» bilen «Betisiň» arasyndaky duşuşyklaryň öňüsyrasynda bolup geçipdi. Şondan soň Alwaro Karreras esasy düzümden düşürildi we onuň oýun wagty ep-esli azaldy. Bu ýagdaý toparyň ýolbaşçylarynyň tejribeli futbolçynyň tarapynda durandygyny görkezýär.

Ispan metbugatynda ýazylmagyna görä, Rýudiger bilen Karrerasyň arasynda diňe bir bir gezeklik dawa däl, eýsem uzak wagtlap dowam eden düşünişmezlik bar. Tejribeli goragçy toparyň ýaş futbolçylaryndan ýokary tertip-düzgüni we doly özüni bagyşlamagy talap edýär. Emma ýaş oýunçylar onuň bu çemeleşmesini doly kabul etmeýär.

Toparyň içinde başga bir uly mesele Kilian Mbappe bilen baglanyşykly. Fransuz ýyldyzyň tälimçiler düzümi bilen gatnaşyklarynyň hem ýaramazlaşandygy habar berilýär. Mundan başga-da, toparyň birnäçe futbolçysy Mbappeniň topatda aýratyn ýeňilliklerden peýdalanýandygyny hasaplaýar.

Janköýerleriň arasynda hem Mbappe garşy nägilelik güýçlenýär. "Actu Foot" portalynyň maglumatyna görä, «Realyň» käbir janköýerleri fransuz hüjümçiniň topardan gitmegi üçin ýörite petisiýa taýýarlady. Bu petisiýa ilkinji bir sagadyň dowamynda 70 müňden gowrak adam gol çekdi. Soňky maglumatlara görä bolsa, gol çekenleriň sany millionlarça ýetdi.

Petisiýanyň hatlarynda şeýle sözler bar: – Mbappe gitmeli! Eger siz hem toparyň geljegi üçin üýtgeşmeleriň zerurdygyna ynanýan bolsaňyz, sesiňizi çykaryň.

Bu ýagdaýdan soň Mbappeniň wekilleri hem ýörite beýannama bermäge mejbur boldy. Olar fransuz futbolçysynyň topar üçin doly zähmet çekýändigini we onuň baradaky käbir gürrüňleriň hakykata laýyk gelmeýändigini aýtdy.

Kilian Mbappe 2024-nji ýyldan bäri «Realyň» düzüminde çykyş edýär. Ol häzirki möwsümde 41 duşuşykda 41 gol geçirip, 6 asist etdi. Şeýle-de ol topar bilen Ispaniýanyň Superkubogyny hem-de Kontinentara kubogy gazandy.

Emma muňa garamazdan, «Real» yzly-yzyna ikinji möwsüm möhüm kuboksyz galmaga golaýlaşýar. Topar Çempionlar ligasyndan «Bawariýa» tarapyndan çykaryldy, La Ligada bolsa birnäçe möhüm utuk ýitirdi.

Şonuň üçin häzirki wagtda Madridiň toparyndaky ýagdaý örän dartgynly hasaplanýar. Ispan metbugaty «Realyň» diňe bir düzümde däl, eýsem toparyň içindäki gatnaşyklary hem täzeden gurmalydygyny belleýär.