La Liga. "Wilýarreal" möwsümiň soňunda baş tälimçisi bilen hoşlaşar

Ispaniýanyň «Wilýarreal» topary möwsümiň tamamlanmagyndan soň baş tälimçi Marselino Toral bilen hyzmatdaşlygyny bes etjekdigini resmi taýdan mälim etdi. Toparyň resmi saýtynda berlen maglumatlara görä, tejribeli hünärmeniň şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýän hem bolsa, ol uzaldylmaz.

Marselino 2023-nji ýylyň güýzünde «Wilýarreala» gaýdyp gelipdi. Bu onuň topar bilen ikinji iş döwri boldy. Ol mundan ozal hem 2013 – 2016-njy ýyllar aralygynda "sary suwasty gämilere" ýolbaşçylyk edipdi. Ispan hünärmeni toparyň oýnuna täzeden janlandyrma girizip, «Wilýarrealy» ýene-de Ispaniýanyň iň güýçli toparlarynyň birine öwürmegi başardy.

Soňky tapgyrda «Wilýarreal» öz meýdanynda «Lewanteni» 5:1 hasabynda ýeňip, janköýerlerine ajaýyp çykyş sowgat etdi. Marselino Toralyň topary bu möwsümde örän durnukly netijeleri görkezýär. La Ligada geçirilen 34 tapgyrdan soň «Wilýarreal» 68 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär we Çempionlar ligasyna ýollanma gazandy.

«Wilýarreal» indiki duşuşygyny 10-njy maýda geçirer. Topar 35-nji tapgyrda myhmançylykda «Malýorka» bilen duşuşar.
Marselinonyň gitjekdigi baradaky habar toparyň janköýerleri üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Sebäbi onuň ýolbaşçylygynda «Wilýarreal» soňky möwsümlerde üstünlikli çykyş edip, Ispaniýanyň öňdebaryjy toparlarynyň biri hökmünde özüni görkezmegi başardy. Indi toparyň ýolbaşçylary täze möwsüm üçin täze baş tälimçiniň gözlegine başlar.