SüperLig. "Fenerbahçeniň" kapitany bir ýyllyk çetleşdirme aldy

Türkiýäniň Futbol federasiýasy «Fenerbahçe» toparynyň kapitany Mert Hakan Ýandaş barada bir ýyllyk çetleşdirme kararyny çykardy. Tejribeli futbolçy oýunlara pul goýmak bilen baglanyşykly derňew işi sebäpli professional futbol oýnamak hukugyndan wagtlaýyn mahrum edildi.

Mert Hakan Ýandaş 2025-nji ýylyň ahyrynda şertleşilen oýunlar we goýum jedelleri boýunça geçirilen derňewiň çäginde tussag edilipdi. Şol döwürde türgeniň uzak möhletleýin tussag jezasy alyp biljekdigi barada hem maglumatlar ýaýrapdy. Emma dört aýlap dowam eden tussaglykdan soň, aprel aýynyň başynda ol azatlyga goýberildi.

Şeýle-de bolsa, Türkiýäniň Futbol federasiýasy derňewiň netijesinde futbolça garşy sport taýdan jeza ulanyp, ony bir ýyl möhlet bilen professional futbol oýnamakdan çetleşdirdi. Şeýlelikde, Mert Hakan Ýandaş geljek möwsümiň dowamynda resmi duşuşyklarda meýdana çykyp bilmez.

29 ýaşly futbolçy 2020-nji ýyldan bäri «Fenerbahçe» toparynda çykyş edip gelýär. Ol şu wagta çenli stambul toparynyň düzüminde 150-ä golaý resmi duşuşykda meýdana çykdy we toparyň esasy oýunçylarynyň biri hasaplanylýardy.

Mert Hakan Ýandaşyň «Fenerbahçe» bilen şertnamasy hem şu ýylyň tomsunda tamamlanýar. Häzirlikçe toparyň ýolbaşçylarynyň futbolçynyň geljegi barada nähili karar kabul etjekdigi belli däl.