Futbol sanlarda: "Arsenalyň" taryhy rekordy, Winisiusyň ajaýyp formasy
Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda möwsümiň iň gyzykly pursatlary dowam edýär. Soňky tapgyrlar toparlaryň hem-de futbolçylaryň statistikasynda täze rekordlaryň we täsirli görkezijileriň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Angliýada «Arsenal» bu möwsümde ähli ýaryşlary goşanda 40-njy ýeňşini gazanyp, toparyň taryhyndaky iň gowy netijäni görkezdi. Şeýlelikde, londonlylar 2001/02-nji möwsümde Arsen Wengeriň ýolbaşçylygyndaky toparyň rekordyny täzeledi. Şol möwsümde «Arsenal» 39 ýeňiş gazanypdy.
Şeýle-de «Tottenhem» uzak arakesmeden soň ilkinji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynda yzly-yzyna iki duşuşykda ýeňiş gazandy. London topary awgust aýyndan bäri ilkinji gezek şeýle netijäni görkezdi. Mundan başga-da, «Tottenhem» soňky iki tapgyrda 6 utuk toplap, öňki 14 tapgyrdaky görkezijisinden hem ýokary netije görkezdi. Ondan öň topar 14 duşuşykda bary-ýogy 5 utuk gazanypdy.
Ispaniýada bolsa «Realyň» braziliýaly ýyldyzy Winisius Žunior ajaýyp formasyny dowam etdirýär. 2026-njy ýylda ähli ýaryşlary goşanda ol eýýäm 16 gol geçirdi. Ýewropanyň TOP-5 çempionatlarynda diňe «Bawariýanyň» hüjümçisi Harri Keýn ondan köp – 24 gol geçirmegi başardy.
Şeýle-de tejribeli hüjümçi Ýago Aspas hem aýratyn görkeziji bilen tapawutlandy. Ol 2012/13-nji möwsümden bäri La Ligada iň köp gol geçiren ispaniýaly futbolçy bolup galýar. Häzire çenli onuň hasabynda 171 gol bar.
Italiýada «Inter» öz meýdançasynda «Parmany» 2:0 hasabynda ýeňip, möhletinden öň çempionlygyny üpjün etdi. Milan topary 1989-njy ýyldan bäri ilkinji gezek çempionlyk titulyny öz stadionynda baýram etdi. Ondan öňki 7 çempionlyk daşary meýdançadaky duşuşyklarda resmileşdirilipdi.
Germaniýada «Bawariýa» ýene bir täsirli statistika bilen tapawutlandy. Mýunhen topary bu möwsümde ýeňlip barýan duşuşyklaryndan umumy 29 utuk gazandy. Şeýlelikde, topar Bundesliganyň rekordyny gaýtalady. Mundan öň şeýle görkeziji diňe 1999/00-nji möwsümde «Baýer» tarapyndan gazanylypdy.
Fransiýada bolsa «Nissa» toparynyň netijesiz urgulary üns merkezine düşdi. Toparyň garşydaş jerime meýdançasyndan ýerine ýetiren yzly-yzyna 60 urgusy gol bilen tamamlanmady. Bu bolsa Liga 1-de 2006/07-nji möwsümden bäri alnyp barylýan statistikadaky iň erbet görkezijileriň biri boldy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


