APL. "Mançester Ýunaýted" "Liwerpuly" ýeňip, Çempionlar ligasyna çykdy

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 35-nji tapgyrynda «Mançester Ýunaýted» bilen «Liwerpulyň» arasynda geçirilen merkezi duşuşyk örän dartgynly hem-de gollara baý oýun boldy. "Old Trafford" stadionynda geçirilen garşylaşyk meýdan eýeleriniň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşyga örän işjeň başlan "gyzyl şeýtanlar" eýýäm ilkinji minutlardan hüjüme geçdi. 9-njy minutda Mateus Kunýa hasaby açyp, «Mançester Ýunaýtedi» öňe çykardy. Aradan kän wagt geçmän, 15-nji minutda Benýamin Şeşko tapawutlanyp, hasaby 2:0-a ýetirdi. Şeýlelikde, ilkinji ýarym meýdan eýeleriniň ynamly artykmaçlygy bilen tamamlandy.

Emma Arne Slotyň tälim berýän «Liwerpuly» göreşi bes etmedi. Ikinji ýarymda myhmanlar basyşyny güýçlendirdi. 51-nji minutda Dominik Soboslaý bir gol geçirdi, 56-njy minutda bolsa Kodi Gakpo hasaby deňledi – 2:2.

Duşuşygyň soňky bölekleri has-da dartgynly ýagdaýda dowam etdi. 77-nji minutda ýaş ýarymgoragçy Kobbi Maýnu tapawutlanyp, «Mançester Ýunaýtedi» ýene öňe çykardy. Galan minutlarda «Liwerpul» jogap goluny geçirmäge synanyşsa-da, meýdan eýeleri ýeňşini saklap galdy.

Şeýlelikde, Maýkl Kerrigiň topary möhüm ýeňiş gazanyp, utuk sanyny 64-e ýetirdi hem-de üçünji orundaky ýerini berkitdi. «Liwerpul» bolsa 58 utuk bilen dördünji ýerde galdy.

Bu ýeňişden soň «Mançester Ýunaýted» indiki möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmegi resmi taýdan üpjün etdi. Topar soňky gezek bu ýaryşda 2023/24 möwsüminde çykyş edipdi. Şondan soň Ýewropa ligasynda finala çenli baryp, finalda «Tottenhemden» 0:1 hasabynda ýeňlipdi. Häzirki möwsümde bolsa topar asla ýewrokuboklarda çykyş etmändi.

Şeýle-de «Mançester Ýunaýted» 2026/27 möwsüminde Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşjak 12-nji topar boldy. Häzirlikçe ýaryşa gatnaşmagy üpjün eden toparlaryň arasynda Angliýadan «Arsenal», «Mançester Siti» hem-de «Mançester Ýunaýted», Ispaniýadan «Barselona», «Real» we «Wilýarreal», Italiýadan «Inter», Germaniýadan «Bawariýa» hem-de «Borussiýa Dortmund», Fransiýadan «PSŽ», Gollandiýadan «PSW» we Portugaliýadan «Portu» bar.

Duşuşykdan öň «Mançester Ýunaýtediň» rowaýata öwrülen öňki baş tälimçisi Aleks Fergýuson bilen bagly ýagdaý hem janköýerleriň üns merkezinde boldy. "Daily Mail" neşiriniň habar bermegine görä, 84 ýaşly hünärmen oýun başlamazyndan öň özüni erbet duýup, hassahana alnyp gidildi. Emma lukmanlaryň maglumatyna görä, ýagdaý çynlakaý däl we bu diňe seresaplyk çäreleri üçin edildi. Häzirki wagtda onuň ýagdaýynyň durnuklydygy aýdylýar.

Aleks Fergýuson «Mançester Ýunaýtede» 1986-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli tälim berdi. Şol döwürde topar bilen birlikde 38 kubok gazandy. Şol sanda 13 gezek Angliýanyň çempiony boldy. Şotlandiýaly hünärmen futbol taryhynyň iň üstünlikli tälimçileriniň biri hasaplanýar.

Bu duşuşykdan soň ýene bir statistika ünsi çekdi. Maýkl Kerrik Premýer-liganyň taryhynda ilkinji 9 öý duşuşygynyň 8-sinde ýeňiş gazanan altynjy tälimçi boldy. Ondan öň şeýle netijäni iň soňky gezek Antonio Konte 2016/17 möwsüminde görkezipdi.