UCL. Indiki möwsümde ýaryşa gatnaşjak 11 topar belli
2026/2027 möwsüminde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşjak toparlaryň sany kem-kemden belli bolýar. Täze görnüşe görä, ýaryşyň umumy tapgyrynda 36 topar çykyş eder. Şolaryň 29-sy göni ýollanma alar, galan 7 orun bolsa saýlama duşuşyklarynda kesgitlener.
Häzirki wagta çenli esasy tapgyra gatnaşmagy kepillendiren 11 topar belli boldy. Bu sanawda «Arsenal», «Mançester Siti», «Inter», «Barselona», «Real», «Wilýarreal», «Bawariýa», «Borussiýa Dortmund», «PSŽ», «PSW» hem-de «Portu» toparlary bar.
Soňky bolup bu sanawa «Wilýarreal» bilen «Portu» goşuldy. Ispan topary La Ligada ilkinji dörtligi kepillendirse, «Portu» Portugaliýanyň çempiony bolmagy başardy.
Şol bir wagtda häzirki möwsümiň Çempionlar ligasyndaky ýarym final duşuşyklary hem uly gyzyklanma döredýär. «PSŽ» bilen «Bawariýanyň» arasynda geçirilen ilkinji duşuşyk parižlileriň 5:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Jogap duşuşygy 6-njy maýdan 7-nji maýa geçilýän gije Mýunhende geçiriler.
Beýleki ýarym final duşuşygynda «Atletiko» bilen «Arsenal» 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Toparlar jogap duşuşygyny 5-nji maýdan 6-njy maýa geçilýän gije Londondaky "Emireýts" stadionynda geçirerler.
Şeýlelikde, häzirki möwsümde finala çykjak toparlar ýakyn günlerde belli bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


