LP. "Portu" Portugaliýanyň çempiony boldy
Portugaliýanyň çempionatynyň 32-nji tapgyrynda «Portu» öz meýdançasynda «Alwerkany» 1:0 hasabynda ýeňip, möhletinden öň 2025/26 möwsüminiň çempiony boldy.
Duşuşykdaky ýeke-täk gol 40-njy minutda geçirildi. Polşaly goragçy Ýan Bednarek tapawutlanyp, toparyna möhüm ýeňşi getirdi. Bu pursatda asisti Gabriel Weýga etdi. Ikinji ýarymda «Portu» hüjümlerini dowam etdirse-de, hasap üýtgemedi.
Şeýlelikde, Françesko Farioliniň şägirtleri 32 duşuşykdan soň 85 utuk toplap, iň ýakyn bäsdeşi «Benfikadan» elýetmez aralyga çykdy. Žoze Mourinýonyň tälim berýän toparynyň hasabynda 76 utuk bar. Üçünji orunda barýan «Sporting» bolsa 31 duşuşykdan soň 73 utuk toplady.
Bu çempionlyk «Portunyň» taryhyndaky 31-nji çempionlygy boldy. Topar soňky gezek 2021/22 möwsüminde Portugaliýanyň çempiony bolupdy. Bu görkeziji boýunça rekord henizem 38 çempionlygy bolan «Benfika» degişlidir.
2025/26 möwsümi «Portu» üçin täze baş tälimçi bilen başlandy. Italiýaly hünärmen Françesko Farioli topara 2025-nji ýylyň tomsunda geldi. Topar onuň ýolbaşçylygynda ilkinji möwsüminde çempionlyk gazandy. Şeýlelikde, bu üstünlik 37 ýaşly tälimçiniň karýerasyndaky ilkinji kubok boldy.
Farioli tälimçilik ýoluna derwezebanlaryň tälimçisi hökmünde başlapdy. Soňra ol Türkiýäniň «Karagümrük» we «Alaniýaspor» toparlarynda, Fransiýanyň «Nissa» toparynda hem-de Gollandiýanyň «Aýaks» toparynda işledi.
1893-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda döredilen «Portu» Portugaliýanyň iň üstünlikli toparlarynyň biri hasaplanýar. Toparyň hasabynda 31 çempionlykdan başga-da 20 sany Portugaliýa kubogy hem-de rekord derejedäki 24 sant Superkubok bar.
«Portu», «Benfika» we «Sporting» Portugaliýa futbolynyň meşhur "uly üçlügine" girýär. Bu üç topar 1934-nji ýylda ýurduň ýokary ligasy döredileli bäri hiç wagt aşaky liga düşmedi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


