APL. "Arsenal" ynamly ýeňdi, Dýokereş täze rekordlara golaýlady
Duşuşygyň birinji ýarymynyň ahyrynda london topary ýene bir gezek tapawutlandy. Bu gezek 40-njy minutda Dýokereş bilen Saka orunlaryny çalyşdylar. Şwesiýaly hüjümçi asist berdi, Bukaýo Saka bolsa gol geçirip, hasaby 2:0-a ýetirdi.
«Fulhem» ilkinji ýarymda garşylyk görkezmäge synanyşsa-da, «Arsenal» hüjümlerini dowam etdirdi. 45-nji minuta golaý wagtda Wiktor Dýokereş ýene bir gezek tapawutlanyp, dubl etdi hem-de duşuşygyň soňky hasabyny kesgitledi – 3:0.
Ikinji ýarymda toparlar birnäçe mümkinçilik döretseler-de, hasap üýtgemedi. Şeýlelikde, «Arsenal» möhüm ýeňiş gazanyp, çempionlyk ugrunda göreşini dowam etdirdi.

Bu ýeňişden soň «Arsenal» utuk sanyny 76-a ýetirip, ýaryş tertibinde birinji orny saklap galdy. «Mançester Siti» toparynyň bolsa 70 utugy bar we olaryň ätiýaçda iki duşuşygy saklanýar. Hosep Guardiolanyň topary 4-nji maýda «Ewerton» bilen duşuşar.
Duşuşykdan soň Wiktor Dýokereş birnäçe şahsy statistikada hem tapawutlandy. Şwesiýaly hüjümçi XXI asyrda ilkinji möwsüminde ähli ýaryşlarda 20-den köp gol geçiren «Arsenalyň» ikinji futbolçysy boldy. Ondan öň bu görkezijä diňe Aleksis Sançes 2014/15 möwsüminde ýetipdi.

Şeýle-de Dýokereş ilkinji gezek «Arsenalyň» üç netijeli hüjümine gönüden-göni gatnaşdy. Ol bu duşuşykda iki gol geçirip, bir asist berdi. Hüjümçi soňky gezek 2023-nji ýylyň sentýabrynda, heniz «Sportingde» çykyş edýän döwründe birinji ýarymda gol hem-de asist edipdi.
Bukaýo Saka hem aýratyn görkeziji bilen tapawutlandy. Iňlis futbolçy 24 ýaş 239 günlüginde Premýer-ligada 200 duşuşyga başlangyç düzüminde çykan iň ýaş dördünji futbolçy boldy. Bu sanawda diňe Garet Berri, Weýn Runi we Rio Ferdinand ondan öňde ýerleşýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


