TÝL - 2026. 6-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda 6-njy tapgyryň duşuşyklary 2-nji we 3-nji maýda geçiriler. Tapgyryň çäginde janköýerleri birnäçe gyzykly duşuşyklar garaşýar.
6-njy tapgyryň ilkinji duşuşyklary 2-nji maýda geçiriler. Mary şehirindäki "Merw" stadionynda «Merw» topary «Köpetdag» toparyny kabul eder. Duşuşyk sagat 17:30-da başlanar.
Şol bir wagtda Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda «Ahal» topary «Nebitçi» topary bilen duşuşar. Oýun sagat 18:00-da başlanar.
Tapgyryň galan iki duşuşygy 3-nji maýda geçiriler. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda «Altyn Asyr» topary «Şagadam» toparyny kabul eder. Duşuşyk sagat 17:30-da başlanar.
Şeýle-de Aşgabat şäherindäki "Nusaý" stadionynda «Arkadag» topary «Aşgabat» topary bilen güýç synanyşar. Bu duşuşyk sagat 18:00-da başlanar.
5-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibinde «Arkadag» topary 15 utuk bilen öňdeligini has-da berkitdi. «Altyn Asyr» topary üstünlikli çykyşyndan soň 10 utuk bilen ikinji orna galdy. Geçen tapgyrda ikinji orunda ýerleşen «Şagadam» topary bolsa 9 utuk bilen üçünji orna düşdi.
Iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda «Şagadam» toparynyň hüjümçisi Serdar Gulyýew 5 gol bilen birinji orny eýelemegini dowam etdirýär. «Altyn Asyr» toparynyň oýunçysy Mekan Aşyrow geçen tapgyrda «Merwiň» derwezesine iki gol geçirip, umumy gollarynyň sanyny 4-e ýetirdi hem-de ikinji orna çykdy. Şeýlelikde, ozal ikinji orunda barýan Didar Durdyýew («Arkadag») hem 4 gol bilen üçünji orna süýşdi.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


