WC 2026. Eýranyň milli ýygyndysy ýaryşa gatnaşar

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Eýranyň milli ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Şeýlelikde, soňky aýlarda peýda bolan dürli myş-myşlara garamazdan, eýranly futbolçylar dünýä birinjiliginde çykyş eder.

Infantinonyň sözlerine görä, Eýranyň milli ýygyndysy toparçadaky ähli duşuşyklaryny öňünden meýilleşdirilişi ýaly ABŞ-da geçirer.

Soňky aýlarda Eýranyň Dünýä çempionatyna gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada köp gürrüňler çykypdy. Munuň esasy sebäbi Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda Pars aýlagyndaky harby dartgynlyk boldy. Şol sebäpli käbir sport ýolbaşçylary Eýranyň ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürip biljekdigini aýdypdylar. Emma soňra bu mesele boýunça garaýyşlar üýtgedi.

Şeýle-de Eýranyň ornuna başga ýygyndylaryň gatnaşyp biljekdigi barada hem myş-myşlar boldy. Käbir maglumatlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndysynyň ady agzaldy. Şeýle-de ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili we dosty Paolo Zampolli Eýranyň ornuna Italiýanyň milli ýygyndysyny Dünýä çempionatyna goşmagy teklip edipdi.

Ýöne Italiýa bu pikirden ýüz öwürdi. Italiýanyň sport ministri Dünýä çempionatyndaky ornuň gepleşik stolunda däl-de, futbol meýdançasynda gazanylmalydygyny aýtdy. Şeýlelikde, italýan tarapy beýle usul bilen ýaryşa gatnaşmagy laýyk hasaplamady.

Häzirki wagtda Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda 8-nji aprelden bäri wagtlaýyn harby dartgynlygy bes etmek baradaky ylalaşyk hereket edýär.

2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Eýranyň milli ýygyndysy toparçada Täze Zelandiýa, Belgiýa hem-de Müsür bilen duşuşar.

Geljekki Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşyň açylyş duşuşygynda Meksikanyň milli ýygyndysy Günorta Afrika bilen oýnar.