Ronaldunyň ogly "Al-Nasryň" esasy düzümine golaýlaşýar
«Al-Nasryň» ýaşlar toparynda çykyş edýän Kriştianu Ronaldunyň oglunyň ýakyn wagtda esasy düzümde çykyş edip başlamagynyň mümkindigi barada habarlar peýda boldy. Arap metbugatynyň maglumatlaryna görä, 15 ýaşly futbolçy indiki möwsümde 16 ýaşyna ýetenden soň esasy topara çekilip bilner.
Kriştianu Ronaldu Jr. futbol ýoluna Madridiň «Real» toparynyň ulgamynda merkezi hüjümçi hökmünde başlapdy. Emma Saud Arabystanynda ol köplenç çep ganat hüjümçisi hökmünde çykyş edýär.
Ýaş futbolçy kakasy ýaly kelle bilen oýnamagy başarýar. Ýöne onuň bu ugurdaky artykmaçlygy beýik bökmekden däl-de, eýsem ýaşyna görä örän uzyn boýly bolmagyndan gelip çykýar. Häzirki wagtda onuň boýy 185 santimetre ýetýär.
Şeýle-de bolsa, kiçi Ronaldunyň oýun aýratynlyklary kakasyndan tapawutlanýar. Ol has köp pleýmeýker görnüşindäki futbolçy hökmünde tanalýar we hüjüm guramaga ýykgyn edýär. Şol sebäpli käbir hünärmenler onuň hüjümden has köp ýarymgorag çyzygyna laýyk gelýändigini belleýärler.
Şeýle-de ýaş futbolçy käbir ýagdaýlarda haýal hereket edýändigi üçin tankyt edilýär. Muňa garamazdan, onuň tehniki başarnygy we meýdança görüşi köpçüligiň ünsüni çekmegi dowam etdirýär.
«Al-Nasr» topary häzirki wagtda esasan 4-4-2 hem-de 4-4-1-1 görnüşindäki meýilnamalary ulanýar. Bu ulgamda ganat oýunçylarynyň roly örän möhüm hasaplanýar. Şonuň üçin Ronaldunyň oglunyň esasy düzümde hut ganatda çykyş etmegine has uly mümkinçilik görülýär.
Şeýle-de bolsa, janköýerleriň köpüsi kaka bilen oglunyň bir wagtda «Al-Nasryň» hüjüminde bilelikde çykyş edýän pursadyny görmek isleýär. Şeýle ýagdaý futbol dünýäsi üçin aýratyn taryhy waka bolup biler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


