Futbol sanlarda: Hwiça rekord goýýar, Noýer kyn agşam geçirdi, Alwares Messiden tiz boldy

Ýewropa futbolynda soňky günlerde geçirilen duşuşyklardan soň birnäçe täsin statistika we täze rekordlar ýüze çykdy. Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy hem-de Konferensiýalar ligasyndaky oýunlardan soň futbolçylaryň we tälimçileriň görkezijileri uly gyzyklanma döretdi.

«PSŽ-niň» gruziýaly hüjümçisi Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda täze topar rekordyny goýdy. Ol häzirki möwsümde 15 netijeli hereket edip, «PSŽ-niň» taryhynda bir möwsümde iň köp "gol+asist" eden futbolçy boldy. Şeýle-de Hwiça häzirki wagta çenli Çempionlar ligasynda 15 gol geçirip, beýleki ähli gruziýaly futbolçylaryň bilelikdäki görkezijisinden hem öňe geçdi. Beýleki gruziýaly futbolçylar bu ýaryşda jemi 12 gol geçiripdi.

Şeýle-de Hwiça «PSŽ-niň» düzüminde çykyş edip başlan wagtyndan bäri esasy Ýewropa ýaryşynda iň köp netijeli hereket eden futbolçy boldy. Onuň hasabynda 20 netijeli hereket bar.

Parižlileriň baş tälimçisi Luis Enrike hem täze taryhy sepgide ýetdi. Ispaniýaly hünärmen Çempionlar ligasyndaky 77-nji duşuşygynda 50-nji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýunça ýaryşyň taryhyndaky iň gowy netijäni görkezdi. Ozalky rekord Pep Guardiola degişlidi, ol 50 ýeňşe 80 duşuşykda ýetipdi.

«Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn hem birnäçe rekordyň awtory boldy. Iňlis futbolçy Çempionlar ligasynyň taryhynda yzly-yzyna üç möwsümde 12-den köp "gol+asis"” eden ikinji futbolçy boldy. Ondan öň muny diňe Kriştianu Ronaldu başarypdy.

Mundan başga-da, Keýn Çempionlar ligasynda yzly-yzyna alty duşuşykda gol geçiren ilkinji iňlis futbolçy boldy.

Ýöne «Bawariýanyň» derwezebany Manuel Noýer üçin agşam şowsuz geçdi. Tejribeli derwezeçi bäş gol geçirtdi we bir urgyny hem saklap bilmedi. Şeýle ýagdaý XXI asyrda ilkinji gezek boldy.

«Arsenalyň» hüjümçisi Wiktor Dýokereş hem täze taryhy netije görkezdi. Şwesiýaly futbolçy Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda gol geçiren ilkinji şwed boldy. Şeýle-de onuň bu tapgyrdaky gol sany Tierri Anriden we Erling Holanddan hem köp boldy.

Madridiň «Atletiko» toparynyň hüjümçisi Hulian Alwares hem taryha girdi. Argentinaly futbolçy Çempionlar ligasynda 25 gola iň tiz ýeten latyn amerikaly oýunçy boldy. Ol bu sepgide 41 duşuşykda ýetdi. Lionel Messi bolsa şol netijä bir oýun gijä galyp ýetipdi.

«Aston Willanyň» baş tälimçisi Unaý Emeri hem öz rekordyny dowam etdirýär. Ispaniýaly hünärmen toparyny ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň ýarym finalyna çykardy. Şeýle görkezijä başga hiç bir tälimçi ýetip bilmedi.

Konferensiýalar ligasynda bolsa «Kristal Pelasyň» oýunçysy Ismaila Sarr taryhyň iň tiz goluny geçirdi. Ol «Şahtýor» bilen duşuşykda bary-ýogy 21-nji sekuntda tapawutlandy we täze rekordyň eýesi boldy.