Eşli Ýang 23 ýyldan soň futbol bilen hoşlaşýar

40 ýaşly iňlis futbolçysy Eşli Ýang möwsümiň ahyrynda professional futbol bilen hoşlaşjakdygyny resmi taýdan mälim etdi. Häzir «Ipswiç» toparynda çykyş edýän tejribeli futbolçy bu barada sosial torlarda habar berdi.

– "Bu çagalykda diňe arzuw edip biljek syýahatym boldy. Ýöne her bir arzuwyň hem soňy bolýar. Şenbe güni meniň professional karýeramdaky soňky oýnum bolup biler. Futboldaky 23 ýyl ýeterlik" – diýip, Ýang ýazdy.

Häzirki wagtda «Ipswiç» Çempionşipiň ýaryş tertibinde ikinji ýerde barýar. Möwsümiň soňky tapgyrynyň öňüsyrasynda topar Premýer ligada çykyş etmek mümkinçiligini saklap galýar. Eger «Ipswiç» öz ornuny gorap bilse, topar göni APL-e çykar. Eger ornuny ýitirse, pleý-off duşuşyklarynda goşmaça ýolnama ugrunda göreşmeli bolar.

Eşli Ýang geçen tomus «Ipswiçe» goşuldy. Şeýle-de bolsa ol ýanwar aýyndan bäri saglyk ýagdaýy sebäpli meýdança çykyp bilmedi. Häzirki möwsümde futbolçy ähli ýaryşlarda 15 duşuşyk geçirip, bir asist etdi.

Tejribeli futbolçy karýerasynda «Wotford», «Aston Willa», «Mançester Ýunaýted», «Inter», «Ewerton» hem-de «Ipswiç» toparlarynda çykyş etdi. Şeýle-de ol Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 39 duşuşyk geçirip, 7 gol hem-de 10 asist bilen tapawutlandy.

Eşli Ýang karýerasynyň dowamynda birnäçe kuboklary gazandy. «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde ol Angliýanyň çempiony (2012/13 möwsüm) boldy, şeýle-de Angliýanyň Kubogyny (2015/16), Liganyň Kubogyny (2016/17), Superkubogyny (2011) hem-de Ýewropa ligasyny (2016/17) gazandy. Italiýada çykyş eden döwründe bolsa «Inter» bilen Seriýa A-nyň çempiony (2020/21) boldy.

Şeýlelikde, 23 ýyl dowam eden professional futbol karýerasy şu möwsümiň ahyrynda tamamlanar.