RSL. "Al-Nasr" çempionlyga ýene bir ädim golaýlaşdy, Ronaldu 970-nji goluny geçirdi
Saud Arabystanyň Pro ligasynyň 30-njy tapgyrynda «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda esasy garşydaşlarynyň biri bolan «Al-Ahlini» 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň esasy gahrymany ýene-de portugaliýaly ýyldyz Kriştianu Ronaldu boldy.
41 ýaşly hüjümçi oýnuň 76-njy minutynda watandaşy Žoau Feliksiň pasyndan soň garşydaş derwezesini dürs nyşana alyp, hasaby açdy. Bu gol Ronaldunyň professional futbol karýerasyndaky 970-nji goly boldy. Şeýlelikde, portugaliýaly futbolçy futbol taryhyndaky 1000 gol sepgidine has-da golaýlaşdy.
Duşuşykdaky ikinji goly bolsa fransiýaly hüjümçi Kingsli Koman geçirdi. Şeýlelikde, «Al-Nasr» möhüm ýeňşi gazanyp, çempionlyk ugrundaky göreşde uly artykmaçlygyny saklap galdy.

Oýundan soň Ronaldu ýene bir gezek janköýerleriň üns merkezinde boldy. Çalt-söhbetdeşlik wagtynda «Al-Ahliniň» janköýerleri toparlarynyň Aziýanyň Çempionlar ligasyndaky iki ýeňşini gygyrmaga başladylar. Portugaliýaly ýyldyz muňa dessine jogap berdi – ol janköýerlere tarap öwrülip, bäş barmagyny görkezdi we:
– Mende bäş Çempionlar ligasy bar – diýip gygyrdy.

Şeýlelikde, Ronaldu özüniň Ýewropanyň iň abraýly toparlaýyn ýaryşyndaky üstünliklerini ýatlatdy. Ol Çempionlar ligasynda bir gezek «Mançester Ýunaýtediň», dört gezek hem «Realyň» düzüminde ýeňiji boldy. Şeýle-de Ronaldu häzirki wagtda ýaryşyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçysy bolmagynda galýar – onuň hasabynda 183 duşuşykda 140 gol bar.
Bu ýeňişden soň «Al-Nasr» Pro ligada yzly-yzyna 16-njy ýeňşini gazandy. Topar soňky gezek 12-nji ýanwarda «Al-Hilal» toparyndan 1:3 hasabynda ýeňlipdi. Şondan bäri Er-Riýad topary çempionatda diňe ýeňiş gazanyp gelýär.
30 tapgyrdan soň «Al-Nasryň» hasabynda 79 utuk bar. Topar iň ýakyn yzarlaýjysy «Al-Hilaldan» sekiz utuk öňde barýar. Şeýle-de bolsa «Al-Hilal» bir duşuşygy az geçirdi.
Şeýle-de bu ýeňiş «Al-Ahli» bilen aradaky tapawudy has-da ulaltdy. Aýwen Touniniň topary çempionlyk göreşinde esasy bäsdeşleriň biri hasaplanylýardy, emma bu ýeňlişden soň olaryň ýagdaýy kynlaşdy.
Kriştianu Ronaldu häzirki möwsümde Pro ligada 26 duşuşyk geçirip, 25 gol we 2 asist bilen çykyş etdi. Saud Arabystandaky ikinji möwsüminde hem portugaliýaly ýyldyz toparynyň esasy liderleriniň biri bolmagynda galýar.
«Al-Nasr» soňky gezek Saud Arabystanyň çempiony adyny 2019-njy ýylda gazanypdy. Häzirki wagtda topar alty ýyllyk arakesmeden soň ýene-de ýurduň iň güýçli topary bolmaga örän golaý geldi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


