UCL. "Atletiko" bilen "Arsenal" ýarym finalda duşuşýar

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynda ýene bir uly garşylaşyk futbol janköýerlerine garaşýar. Madrid şäherinde «Atletiko» topary öz meýdançasynda Londonyň «Arsenalyny» kabul eder.

Duşuşyk 29-njy aprelden 30-njy aprele geçilýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Oýun Madriddäki "Riýad Eýr Metropolitano" stadionynda geçiriler.

Diego Simeoneniň tälim berýän «Atletikosy» häzirki wagtda Ispaniýanyň La ligasynyň ýaryş tertibinde 60 utuk bilen dördünji orunda ýerleşýär. Madrid topary bu möwsümde goragdaky tertip-düzgüni we garşylyklaýyn hüjümleri bilen tapawutlanýar. Şeýle-de topar Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda birnäçe güýçli garşydaşy ýoldan çykaryp, ýarym finala çenli ýetmegi başardy.

Mikel Artetanyň ýolbaşçylygyndaky «Arsenal» bolsa Angliýanyň Premýer ligasynda 73 utuk bilen birinji orny eýeleýär. London topary soňky ýyllarda ýewropa futbolynda iň durnukly çykyş edýän toparlaryň birine öwrüldi. «Arsenal» hem bu möwsüm goraga köp üns berýän toparlaryň birine öwrüldi. Bu duşuşyk iki sany gowy goranýan toparlaryň garsylaşygy bolar.

Iki topar hem häzirki möwsümde üstünlikli çykyş edýär. Şol sebäpli Madridde geçiriljek ilkinji ýarym final duşuşygynyň örän dartgynly geçmegine garaşylýar. «Atletiko» öz meýdançasynda artykmaçlyk gazanmaga synanyşar, «Arsenal» bolsa jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda amatly netije bilen Londona dolanmagy maksat edinýär.

Soňky günlerde Çempionlar ligasynda geçirilen «PSŽ» – «Bawariýa» duşuşygy dokuz gol bilen taryha girensoň, futbol janköýerleri «Atletiko» bilen «Arsenalyň» arasyndaky oýna hem uly gyzyklanma bildirýärler. Bu garşylaşykda taktiki göreşiň we ýokary depgindäki futbolyň bolmagyna garaşylýar.

Jogap duşuşygy bolsa bir hepde soň Londonda geçiriler. Ýarym finalyň ýeňijisi finalda «PSŽ» – «Bawariýa» jübütiniň üstün çykan topary bilen duşuşar.