UCL. "PSŽ" bilen "Bawariýa" taryhy duşuşyk geçirdi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyryndaky ilkinji duşuşykda Fransiýanyň «PSŽ» topary öz meýdançasynda Germaniýanyň «Bawariýa» toparyny kabul etdi. Pariž şäherinde geçirilen bu duşuşyk futbol janköýerlerine soňky ýyllaryň iň ýatdan çykmajak oýunlarynyň birini sowgat etdi.
Duşuşyk başyndan ahyryna çenli ýokary depginde geçdi. Iki topar hem hüjüm futbolyny saýlap alyp, meýdançada hakyky gol şüweleňini gurady. Ilkinji ýarymda jemi bäş gol geçirildi.
17-nji minutda Garri Keýn 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlanyp, «Bawariýany» öňe çykardy. Jerime urgusy Willýam Paçonuň düzgün bozmagy sebäpli bellenipdi.
Parižliler tiz wagtda jogap berdiler. 24-nji minutda Hwiça Kwarasheliýa owadan geçişden soň hasaby deňledi. Az wagt geçmänkä Žoau Neweş burç urgusyndan gelen topy kellesi bilen derwezä gönükdirip, «PSŽ-ni» öňe çykardy.
Emma «Bawariýa» göreşi bes etmedi. Maýkl Olise güýçli urgusy bilen hasaby ýene deňledi – 2:2. Şeýle-de bolsa, ilkinji ýarymda ýene bir gol geçirildi. Alfonso Dewisiň el bilen oýnandygy sebäpli bellenen 11 metrlik jerime urgusyny Usman Dembele üstünlikli ýerine ýetirip, parižlileri täzeden öňe çykardy.
Şeýlelikde, ilkinji ýarym «PSŽ-niň» 3:2 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.
Ikinji ýarymda hem toparlar hüjümleri dowam etdirdi. «PSŽ» birnäçe minudyň dowamynda ýene iki gezek tapawutlandy. Hwiça Kwarasheliýa bilen Usman Dembele duşuşykdaky ikinji gollaryny geçirip, hasaby 5:2-ä ýetirdiler.
Şondan soň köp adamlar duşuşygyň ykbaly çözüldi diýip pikir etdi. Emma «Bawariýa» soňky minutlara çenli göreşdi. Daýo Upamekano bilen Luis Dias üç minudyň dowamynda iki gol geçirip, nemes toparyny ýene duşuşyga gaýtardy.
Soňky minutlarda «Bawariýa» deňleşdirmek üçin uly basyş etse-de, «PSŽ» ýeňşini gorap saklamagy başardy. Şeýlelikde, duşuşyk parižlileriň 5:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu oýun UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň netijeli ýarym final duşuşygy hökmünde hasaba alyndy. Iki topar jemi dokuz gol geçirip, futbol janköýerlerine ýatdan çykmajak gije sowgat etdi.
Jogap duşuşygy 6-njy maýdan 7-nji maýa geçilýän gije Mýunhende geçiriler. Şeýle ajaýyp ilkinji oýundan soň futbol janköýerleri ikinji duşuşyga hem uly gyzyklanma bilen garaşýarlar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


