Elliot Matazo dünýäniň iň şowsuz futbolçysy bolmagy mümkin

Angliýanyň «Hall Siti» toparynyň ýarymgoragçysy Elliot Matazo futbol dünýäsinde iň şowsuz futbolçylaryň biri hökmünde agzalyp başlandy. Belgiýaly oýunçy bir ýyllyk dikeldiş döwründen soň ilkinji duşuşygynda ýene-de agyr şikes aldy.

24 ýaşly futbolçy geçen şenbe güni «Çarlton» toparyna garşy geçirilen duşuşykda meýdança dolanyp geldi. Bu onuň 2025-nji ýylyň 26-njy fewralyndan bäri ilkinji resmi oýny boldy. Şol wagt ol çep dyzyndaky öňki haç şekilli baglarynyň üzülmegi sebäpli uzak wagt futbol oýnap bilmändi.

«Hall Siti» bilen «Çarltonyň» arasyndaky duşuşyk 1:2 hasabynda tamamlandy. Emma oýnuň esasy gynançly pursaty Elliot Matazo bilen baglanyşykly boldy. Futbolçy duşuşygyň ilkinji minutlarynda öz jerime meýdançasynyň golaýynda ýerde galdy. Lukmanlaryň kömeginden soň oýny dowam etdirmäge synanyşsa-da, ol bary-ýogy 11-nji minutda çalşyrylmaly boldy.

Ilkinji barlaglardan soň Matazonyň özi ýagdaýyň beýle agyr däldigine ynanýardy. Ol tälimçiler toparyna şikesiň çynlakaý däldigini aýdypdy. Emma ýekşenbe güni geçirilen MRT barlaglary iň erbet howatyrlaryň dogrudygyny görkezdi.

Barlaglaryň netijesinde futbolçynyň bu gezek sag dyzyndaky öňki haç şekilli baglarynyň üzülendigi tassyklandy. Şeýlelikde, Elliot Matazo yzly-yzyna ikinji gezek örän agyr şikes alyp, ýene uzak wagtlap futboldan daşda galar.

«Hall Siti» topary hem resmi beýanatynda bu ýagdaýy tassyklady: "Topar Elliot Matazoda öňki haç şekilli baglaryň ikinji gezek üzülendigini tassyklaýar. Bu gezek şikes sag dyzda ýüze çykdy".

Elliot Matazo 2025-nji ýylyň ýanwarynda Fransiýanyň «Monako» toparyndan «Hall Sita» geçipdi. Topar onuň dolanyp gelmegine uly umyt baglaýardy. Sebäbi belgiýaly futbolçy möwsümiň ikinji ýarymynda topar üçin möhüm güýç bolup biler diýip garaşylýardy.

Häzirki wagtda «Hall Siti» Angliýanyň Çempionşip ýaryşynyň sanawynda ýedinji orunda ýerleşýär. Topar futbolça goldaw berýändigini mälim etdi, emma onuň dikeliş möhleti heniz anyk aýdylmaýar.

Soňky ýyllarda yzly-yzyna şeýle agyr şikesleri almak Matazo üçin uly psihologik synag boldy. Futbol janköýerleri hem belgiýaly oýunça goldaw sözlerini iberip, onuň güýçli ýagdaýda meýdançalara dolanmagyna garaşýarlar.