TÝL - 2026. 5-nji tapgyr tamamlandy
Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda 5-nji tapgyryň ähli duşuşyklary 26-njy aprelde geçirildi we birnäçe gyzykly netijeler bilen tamamlandy.
Tapgyryň ilkinji duşuşygy Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda sagat 16:30-da geçirildi. Bu ýerde «Şagadam» topary «Ahal» toparyny kabul etdi. Duşuşykda meýdan eýeleri 30-njy minutda Ýagşysähet Döwletgeldiýewiň goly bilen öňe saýlandy. Emma myhmanlar 37-nji minutda Süleýman Mirzoýewiň, 72-nji minutda Nazar Towakelowyň hem-de 90+4-nji minutda Bäşim Gurbanberdiýewiň gollary bilen 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de 83-nji minutda «Şagadam» toparyndan Begenç Gylyçnyýazow ikinji duýduryşdan soň meýdandan çykaryldy.
Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda sagat 17:00-da geçirilen duşuşykda «Arkadag» topary myhmançylykda «Nebitçi» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiş gollaryny 72-nji minutda Abdy Bäşimow hem-de 86-njy minutda Arzuwguly Sapargulyýew geçirdi.
Şol wagtda Aşgabat şäherindäki "Nusaý" stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» bilen «Köpetdag» toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Meýdan eýeleriniň goluny 81-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Söhbet Allanurow geçirdi. Myhmanlar bolsa 89-njy minutda Arslan Saparowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen bir utuk gazandy.
Tapgyryň soňky duşuşygy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda sagat 17:30-da geçirildi. Bu ýerde «Altyn Asyr» topary «Merw» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda iki goly hem 71-nji we 81-nji minutlarda Mekan Aşyrow geçirdi.
Şeýlelikde, 5-nji tapgyrdan soň «Arkadag» topary 15 utuk bilen birinji orundaky öňdeligini has-da berkitdi. «Altyn Asyr» topary 10 utuk bilen dördünji orundan ikinji orna galdy. Geçen tapgyrda ikinji orunda bolan «Şagadam» topary bolsa 9 utuk bilen üçünji orna düşdi.
Iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda «Şagadam» toparyndan Serdar Gulyýew 5 gol bilen öňdeligini saklap galdy. «Altyn Asyr» toparynyň oýunçysy Mekan Aşyrow bu tapgyrda iki gezek tapawutlanyp, gollarynyň sanyny 4-e ýetirdi we ikinji orna çykdy. «Arkadag» toparynyň oýunçysy Didar Durdyýew hem 4 gol bilen üçünji orna süýşdi.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


