TÝB - 2026. 5-nji tapgyryň netijeleri
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginiň 5-nji tapgyrynyň ähli duşuşyklary 25-nji aprelde geçirildi we gyzykly hem-de täsirli netijeler bilen tamamlandy. Bu tapgyrdan soň ýaryş tertibinde hem-de iň köp gol geçirenleriň sanawynda möhüm üýtgeşmeler boldy.
Tapgyryň ilkinji duşuşyklaryndan biri Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda sagat 16:00-da geçirildi. Bu ýerde «Altyn Asyr II» topary «Merw II» toparyny kabul etdi we örän uly hasap bilen – 8:0 ýeňiş gazandy. Bu oýunda Weýisgeldi Orazdurdyýew 4-nji, 20-nji, 42-nji, 46-njy we 90-njy minutlarda tapawutlanyp, penta-trik etdi hem-de tapgyryň iň netijeli oýunçysy boldy. Şeýle-de 8-nji minutda Akmuhammet Amanow, 17-nji minutda Meýlis Gurbandurdyýew hem-de 70-nji minutda Ýakupberdi Baýramgeldiýew gollary geçirdi.
Şol bir wagtda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky "Futbol meýdança" stadionynda sagat 16:00-da geçirilen duşuşykda «Şagadam II» topary «Ahal II» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Bu oýundaky ýeke-täk goly 42-nji minutda Arzuw Söýjanow geçirdi.
Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda sagat 16:30-da geçirilen duşuşykda «Köpetdag II» topary «Aşgabat II» toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Bu oýunda 53-nji minutda Ýeňişmuhammet Hojageldiýew, 59-njy minutda Arslan Saparow, 75-nji minutda Hekim Şyhberdiýew hem-de 78-nji minutda Şamyrat Mämmedow tapawutlandy.
Tapgyryň iň möhüm duşuşygy Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda sagat 17:00-da geçirildi. Bu ýerde «Nebitçi II» topary ýaryşyň lideri «Arkadag II» toparyny kabul etdi. Duşuşyk dartgynly ýagdaýda geçip, myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk goly 47-nji minutda Süleýmannazar Gowşudow geçirdi.
Şeýlelikde, 5-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibinde «Arkadag II» topary 13 utuk bilen öňdeligini has-da berkitdi. «Şagadam II» topary 9 utuk bilen ikinji orna çykdy. «Nebitçi II» topary bolsa şol bir utuk bilen üçünji orna düşdi.
Iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda hem möhüm üýtgeşmeler boldy. Bu tapgyrda penta-trik eden Weýisgeldi Orazdurdyýew («Altyn Asyr II») umumy 9 gol bilen birinji orna çykdy. Öň lider bolan Medetgeldi Çaryýew («Ahal II») 6 gol bilen ikinji orunda galdy. Elýas Agöýliýew («Nebitçi II») bolsa 5 gol bilen üçünji orna düşdi.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


