Arda Güler Dünýä çempionatyna ýetişer
«Real Madrid» toparynyň türk ýarymgoragçysy Arda Gýuleriň şikesinden dikelişi barada täze maglumatlar peýda boldy. Meşhur žurnalist Fabrizio Romanonyň berýän maglumatlaryna görä, futbolçynyň ýagdaýy garaşylyşyndan has oňyn bolup, bu şikes onuň 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna gatnaşmagyna päsgel bermez.
Öň «Real Madrid» resmi taýdan Güleriň sag aýagynyň budunyň iki başly myşsasynyň şikes alandygyny mälim edipdi. Şol wagt dikeliş möhleti anyk aýdylmandy, emma soňky maglumatlar oýunçynyň doly sagalyp, Dünýä çempionatyna iň ýokary formada baryp ýetjekdigini görkezýär. Şeýlelikde, ol Türkiýäniň milli ýygyndysyna dünýä birinjiliginde kömek edip biler.
21 ýaşly futbolçy häzirki möwsümde ähli ýaryşlarda jemi 50 duşuşyk geçirip, 6 gol hem-de 14 asist bilen tapawutlandy. Ol soňky döwürde topar üçin möhüm oýunçylaryň birine öwrüldi.

Şol bir wagtyň özünde «Real Madridiň» başga bir oýunçysy – Braziliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Eder Militao boýunça ýagdaý aladaly bolup galýar. Ol şu möwsümde eýýäm üçünji gezek şikes aldy we onuň Dünýä çempionatyna gatnaşyp biljekdigi heniz belli däl.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


