"Bawariýa" bilen "Ştutgart" Germaniýanyň kubogynyň finalynda duşuşar

Germaniýanyň kubogynyň ýarym final duşuşyklary 22–23-nji aprelde geçirildi we finala çykan toparlar belli boldy. Bu tapgyrda «Bawariýa» bilen «Baýer», «Ştutgart» bolsa «Fraýburg» bilen güýç synanyşdy.

Ilkinji ýarym finalda «Bawariýa» topary «Baýera» garşy ynamly oýun görkezdi we 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, finala çykdy. Mýunhenlileriň gollaryny Harri Keýn hem-de Luis Dias geçirdi. Duşuşykda «Bawariýa» doly artykmaçlyk görkezdi we garşydaşyna mümkinçilik bermedi diýen ýaly. Şeýlelikde, Wensan Kompaniniň şägirtleri 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Germaniýanyň kubogynyň finalyna çykmagy başardy. Geçen möwsümde bolsa olar hut «Baýer» tarapyndan ýaryşdan çykarylypdy. Şeýle-de häzirki wagtda «Bawariýa» Bundesligany eýýäm utdy we kubok bilen birlikde Çempionlar ligasynda hem üstünlik gazanyp, trebl etmek mümkinçiligini dowam etdirýär.

Ikinji ýarym final duşuşygy has dartgynly geçdi. «Ştutgart» bilen «Fraýburgyň» arasyndaky oýun esasy wagtda deňlikde tamamlandy we ýeňiji diňe goşmaça wagtda belli boldy. «Ştutgart» toparynyň gollaryny Deniz Undaw hem-de Tiagu Tomaş geçirdi, «Fraýburg» tarapyndan bolsa Maksimilian Eggeştaýn tapawutlandy. Şeýlelikde, Sebastian Hýonessiň şägirtleri 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, yzly-yzyna ikinji gezek finala çykdy. Ýatladyp geçsek, geçen ýyl «Ştutgart» finalda «Arminiýany» 4:2 hasabynda ýeňip, kubogy gazanypdy.

Şeýlelikde, Germaniýanyň kubogynyň finalynda «Bawariýa» bilen «Ştutgart» duşuşar. Çözgütli duşuşyk 23-nji maýda Berlindäki "Olimpiýaştadionda" geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da başlanar. Bu duşuşykda «Bawariýa» esasy dalaşgär hökmünde görkezilýär, emma häzirki kubogyň eýesi bolan «Ştutgart» hem öz derejesini görkezmäge çalyşar.