La Liga. "Barselona" we "Real" ýeňdi, Ýamal şikes aldy
Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň 32-nji tapgyrynda «Barselona» topary öz meýdançasynda «Selta» toparyny kabul edip, möhüm ýeňiş gazandy. Duşuşykda ýeke-täk goly Lamin Ýamal penaltiden geçirdi we şol gol katalon toparyna üç utuk getirdi. Umuman, oýun dowamynda «Barselona» meýdançada artykmaçlyk görkezdi we garşydaşyna mümkinçilikleri köp bermedi.
Şeýle-de bu duşuşyk «Barselona» üçin ýeňiş bilen birlikde ýaramaz ýagdaý bilen hem tamamlandy. Toparyň ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal gol geçireninden soň şikes alyp, meýdançany terk etmeli boldy. Ilkinji barlaglara görä, onuň çep aýagynyň arka myşsasynda dartylma ýüze çykaryldy. Žurnalistler Helena Kondis, Ferran Martines we Roker Torello dürli maglumatlary ýetirýärler – olaryň käbiri Ýamalyň möwsümi doly goýberip biljekdigini belleýär. Şeýle-de onuň tomusda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmezlik howpy hem bar. Häzirki wagtda oýunçy goşmaça lukmançylyk barlaglaryna garaşýar we dikeldiş möhleti soň belli bolar.
Şol bir wagtda tapgyryň beýleki möhüm duşuşygynda «Real» topary öz meýdançasynda «Alawes» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Madrid toparynyň gollaryny Kilian Mbappe hem-de Winisius Žunior geçirdi. Şeýlelikde, «Real» çempionlyk göreşinde utuk ýitirmän öňdäki orunlary yzarlamagyny dowam etdirýär.

32-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibinde «Barselona» 82 utuk bilen birinji orny eýeleýär we iň ýakyn bäsdeşi bolan «Real» toparyndan 9 utuk öňde barýar. 

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


