Lamin Ýamal "Laureus" baýragyny gazanyp taryha girdi

«Barselona» toparynyň hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal 2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Madriddäki "Laureus World Sports Awards: dabarasynda "Ýylyň iň gowy ýaş sportçysy" baýragyna mynasyp boldy.

Bu üstünlik bilen Ýamal heniz 19 ýaşyna ýetmänkä iki gezek "Laureus" baýragyny gazanan ilkinji sportçy hökmünde taryha girdi. Ýatlatsak, ol geçen ýyl hem "Ýylyň açyşy" baýragyny alypdy.

Dabaradan soň ýaş futbolçy öz şatlygyny gizlemedi. Ol maşgalasyna, toparyna we akademiýasyna minnetdarlyk bildirip, bu baýragyň onuň üçin uly hormatdygyny hem-de uly ýoluň diňe başlangyjydygyny belledi.

Soňky möwsüm Ýamal üçin aýratyn üstünlikli geçýär. Ol «Barselona» bilen ähli ýaryşlarda 44 duşuşyk geçirip, 23 gol geçirdi we 16 asist berdi. Şeýle görkezijiler onuň ýaşyna garamazdan toparyň esasy liderleriniň birine öwrülendigini görkezýär.

Şeýle-de bolsa, topar derejesinde doly üstünlik gazanyp bolmady. «Barselona» Çempionlar ligasynda çärýek finalda ýaryşdan çykdy. Katalonlar iki duşuşygyň jemi boýunça «Atletiko» toparyndan 2:3 hasabynda ýeňildi.

"Laureus" dabarasynda başga-da birnäçe baýrak gowşuryldy. Şol sanda «PSŽ» 2025-nji ýylyň iň gowy topary diýlip yglan edildi, meşhur futbolçy Toni Kroos bolsa "Sport ylhamy" baýragyna mynasyp boldy.