TÝB - 2026. 4-nji tapgyr başlaýar
Şu gün, 20-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginiň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler.
Tapgyryň ilkinji duşuşygy şu gün geçiriler. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki "Sport desgasy" meýdançasynda «Arkadag II» topary «Şagadam II» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk sagat 17:30-da başlanar.
4-nji tapgyryň galan duşuşyklary 21-nji aprelde geçiriler. Şol gün Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda «Köpetdag II» topary «Nebitçi II» topary bilen duşuşar. Oýun sagat 15:00-da başlanar.
Mary şäherindäki "Merw" stadionynda bolsa «Merw II» topary «Aşgabat II» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk sagat 17:00-da geçiriler.
Şeýle-de Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda «Ahal II» topary «Altyn Asyr II» topary bilen güýç synanyşar. Bu oýun sagat 18:00-da başlanar.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


